Ylmy-tehniki progres (YTP). Bütin dünýäde ykdysady ösüşiň möhüm
faktory hökmünde ykrar edilen. Aglaba ýagdaýda günbatar we ýerli ylmy
işlerde ony innowasion proses bilen baglanyşdyrýarlar. Bu: ylmy,
tehnikany, ykdysadyýeti, telekeçiligi we dolandyryşy birleşdirýän ýeke-täk prosesdir. YTP—täze serişdäni oýlap tapmakdan ybarat we ideýany döränpursadyndan ol täjirçilik maksat bilen durmuşa geçirilýänçä gidýär hem-deşeýlelikde gatnaşyklaryň hemme toplumyny: önümçiligi, alyş-çalyşy, peýdalanyşy öz içine alýar.
Innowasiýalary dürli derejelerde dolandyrmagyň birgiden formalary
bar: korporasiýanyň bölüminden tä döwlete çenli. Umuman bolsa olar
häzirki zaman şertlerinde ýörite ykdysady syýasaty durmuşa geçirmäge
ugrukdyrylandyr. Bu syýasat dürli ýurtlarda, dürli görnüşde bolsa-da, ol
hemme ýerde ýeke-täk maksada: innowasion işjeňligi höweslendirmek we ylmy-tehniki potensialy ösdürmek bolup durýar. Innowasion syýasatyň ykdysadyýeti döwlet düzüminde sazlaşdyrmakdaky orny we roly innowasion prosesiň, dolandyryş obýekti hökmünde aýratynlyklary bilen kesgitlenilýär. Ol YTP beýleki elementlerine garanyňda, has köp derejede haryt-pul gatnaşyklary bilen bagly bolup, olar innowasiýanyň durmuşa geçirilýän hemme basgançaklarynda oňa arka durýarlar.
Bu ýagdaý kapitalistik ýurtlaryň sazlanylýan bazar ykdysadyýetiniň
şertlerinde has ynandyryjy ýagdaýda görünýär. Innowasion prosesleriň
esasy maksady bu ýerde, dürli derejedäki we masştabdaky hususy
kompaniýalar tarapyndan durmuşa geçirilýär. Şeýle prosesler özbaşdak
maksat bolup çykyş etmän, ýokary girdeji alýan kompaniýalaryň önümçilik
we täjirçilik meselelerini çözmekde iň gowy serişde hökmünde çykyş edýär.
Bu ýagdaýda innowasiýa ozal başdan sözüň hakyky manysynda
täjirçilik netijesini gazanmak üçin ugrukdyrylan. Oňa itergi berýän
ideýanyň özi, merkantil (ownuk gazanja çapmak) mazmunly.
Bu bolsa eýýäm uniwersitetiň erkin, döredijilik gözleginde hiç bir zat bilen
çäklendirilmedik alymynyň «arassa ylym» bilen alan netijesi däl. Innowasin
ideýasynyň praktika taýdan gönükdirilen ugry hem onuň kompaniýalar üçin
özüne çekiji güýjüniň bolmagydyr. Bu ideýany işläp taýýarlap, durmuşa geçirmäge başlan kompaniýa pul kapitalyny awansirlemek bilen başlamalydyr. Şeýle ýagdaýda maýa goýumyň aýratynlygy— ýokary derejedäki töwekgelçiligiň bolmagydyr.
(Has takygy, goýulan maýanyň yzyna gelmezlik howpy). Täze ideýanyň,
ýagny täze oýlanyp tapylan serişde täze önüm bilen durmuşa ornaşdyrylsa,
şowlulyk gümany diňe 8,7 göterime deňdir. 12 sany özboluşly täze
ideýalardan diňe biri ahyrky derejä barýar; ýagny köpçülikleýin öndürilip,
köpçülikleýin satylýar. Innowasiýa boýunça amerikaly hünärmen Bwissiň
ýazmagyna görä, başlanan taslamanyň (proýektiň) diňe 10 göterimi
täjirçilik taýdan şowly bolýar, şeýle bolýan bolsa, onda galan 90 göterimi
şowsuzlyga uçran bolup galýar. Başgaça aýdylanda bolsa, innowasiýa
prosesi üçin goýulýan maýa goýumyň yzyna gaýdyp gelmek meselesiniň
aksiýanyň dwidendi ýa-da bankda goýulýan puluň kepillendirilen göterimi
bilen hiç hili ýagdaýda baglanyşygy ýok. Innowasion proses şowly
ýagdaýda durmuşa geçirilende, yzynda gaýdyp gelýän pul ummasyz pul
hem bolup biler, şowsuzlyk bolanda bolsa girdeji hakynda gürrüň etmeg-ä
beýlede dursun, hatda onuň üçin goýulan maýa hem köýýär.
Telkeçileri şeýle uly töwekgelçilik etmäge haýsy güýçler mejbur
edýärkä? Ol güýçli, islendik ykdysady ulgam (kiçi innowasiýalaryň topary,
senagat formalarynyň, uniwersitetleriň «birleşigi», hökümet
laboratoriýalary dürli kombinasiýalarda) üçin, obýektiw ýa-da subýektiw
tebigaty bolan içki we daşky topara bölmek bolar. Innowasion işjeňlige içki
täsir edýän motiwleriň täsirine könelişen desgany çalşyrmak (bu
obýektiwleýin sebäp bolýar) ýa-da talantly inženerler toparynyň öz
döredijilik potensiallaryny durmuşa geçirmek isleýänler (bu subýektiw
sebäp bolar). Innowasion işjeňligiň täsir edýän motiwleriniň toplumy her bir
özbaşdak kompaniýa üçin indiwidual ýagdaýda bolup, käbir ýagdaýlarda ol
innowasion proses barada çözgüt kabul etmekde aýgytly rol oýnaýar. Mysal
üçin, ýaňy döredilen kiçi firma üçin täze oýlanyp tapylan zady
ornaşdyrmak—bazarda orun almak üçin ýeke-täk mümkinçilikdir. Emma,
aglaba ýagdaýda içki sebäp ýeterlik derejede täsirli (ähmiýetli) bolmaýar.
Köp kompniýalarda innowasionçylyk syýasaty durnukly konwerwatizme
mahsus. Çünki, bazarda uly orun gazanan iri monopoliýada, adat boýunça
innowasiýa bilen bagly töwekgelçilik üçin içki täsir ediji motiwler
bolmaýar. Bu ýerde meseläni çözýän hökmünde daşky häsiýetiň sebäpleri
çykyş edip biler, ýagny döwletiň ykdysady syýasatynyň degişli çärelerine
bagly bolup biler.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby Pigamow Kemal