Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inzener-Tehnologiýalar uniwersitetiniň baş maksady ýurdumyzyň innowasion ulgamynda kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek, bilim, ylym, önümçilik, innowasiýa we işewürlik pudaklaryny toplumlaýyn bir ýere jemlemekdir.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inzener-Tehnologiýalar uniwersitetinde okuwlar kompýuterlerde, akylly öýleri döretmekde, ekologiki, fiziki, himiki we beýleki pudaklary öwrenýär. Häzirki wagtda uniwersitetde 5 sany fakultet hereket edýär.

 

Himiki we nanotehnologiýalar;

Biotehnologiýalar we ekologiýa;

Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary;

Kiberfiziki ulgamlar;

Innowasiýalaryň ykdysadyýeti.

Biz hem Kompýuter ylymlary we maglumat tehnologiýalary fakultetiniň Animasiýa we grafiki dizaýny ugry boýunça okaýarys. Geliň indi Animasiýa we grafiki dizaýny barada durup geçeliň.

Animasiýa we grafiki dizaýnynyň hünärmenleri animasiýa grafika, 3D oýun inzenerçiligi, 2D we 3D görnüşli programma üpçünçilikleri işläp düzmek, wideo we surat bilen işlemek, interýer we eksterýer dizaýny taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Kompýuter grafikasy

Kompýuterde grafika iki topara bölünýär: 2D- tekiz şekiller, 3D- giňişlikde ýerleşýän göwrümli şekiller.

Kompýuterde ýasalan 2D suratlaryň 2 sany görnüşi bar :

Raster- piksel diýilýän nokatlardan durýan surat.

Wektor- geometriki şekillerden (çyzyk, töwerek, dörtburçluk we ş.m) durýan surat.

Raster suratlar

Raster suratlary her-hili sazlamak we montaz etmek öçin iň güýçli programma bu Adobe Photoshop. Başga meňzeş programmalar: Corel Draw, Photo Paint, Fireworks, Free Hand we ş.m. Raster suratlary hakyky durmuşdan alnan çylşyrymly suratlar üçin ulanmak amatly. Meselem: fotosuratlar.

Wektor suratlar

Wektor suratlary ýasamak üçin iň meşgur programma bu- Corel Draw. Onuň bilen hem ýönekeý suratlary hem tehniki çyzgylary ýasamak amatly. Inzenerçilikde ulanylýan tehniki çyrgylary ýasamak üçin köp ulanylýan standart programma bu AutoCAD. Jaýlary, kartalary, shemalary we maşynlary çyzmak üçin giň ulanylýan programmadyr.

Animasiýa dizaýny näme?

Animasiýa dizaýny, wideo oýunlary, filmler we hatda sosial media ýazgylary ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dürli görnüşleri üçin ýörite effektleri we beýleki dizaýnlary döretmek sungatydyr.

Taslamalaryňyz üçin iň gowy 5 animasiýa görnüşi:

Whiteboard animation;

Motion graphics animation;

Hand-drawn animation;

Stop-motion animation;

3D animation.

Grafiki dizaýn we animasiýa gowy karýeramy?

Grafiki dizaýn döredijilikli pikirlenýän we sungatdan, tehnologiýadan we aragatnaşykdan lezzet alýan adamlar üçin ajaýyp karýeradyr. Her pudakda dizaýn zerurlyklary bar, şonuň üçin Grafiki Dizaýnerleriň täze we gyzykly taslamalary kabul etmek üçin köp mümkinçilikleri bar

Dünýäde iň meşgur animator kim? 

Häzirki wagtda Haýao Miýazaki henizem dünýäde iň uly janly animator we animasiýa filmleri bilen Ýaponiýanyň meşhur medeniýetiniň nyşany hasaplanýar.

 

Aşyrberdiýewa Leýli.

Abdyrasulow Salyh.