«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasynyň» wezipelerine laýyklykda, Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty ählumumy strategik möhüm gural hökmünde dünýä we sebit döwletleri, şeýle hem abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Döwletiň milli ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen alnyp barylmagy we ulgamda ýokary tehnologiýalaryň we sanlylaşdyrma prosessleriniň ýaýbaňlandyrylmagy global ykdysady giňişligine we umumydünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna güýçli itergi berýär.

Türkmenistan milli ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dünýäniň dürli döwletleri bilen ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş çözgütlerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň 2020-2025-nji ýyllar üçin daşary ykdysady işiniň ösüşiniň maksatnamasyny», «Türkmenistanyň 2021-2030-njy ýyllar üçin daşary söwda strategiýasyny» we söwda, ykdysadyýet hem-de maýa goýumlar ulgamlaryna degişli resminamalardan gelip çykýan çäreleri hem-de taslamalary amala aşyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşine we ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýän oňyn halkara şertleri döretmek, dünýäniň hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, iri maýa goýumlaryny ýurdumyza çekmek ýaly wajyp wezipeler ileri tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Döwlet maslahatynda eden çykyşynda belleýşi ýaly, 2022-2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýany durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetiň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Býujetiň agramly böleginiň, ozalkylary ýaly, durmuş ulgamyny maliýeleşdirmek üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Orta we uzakmöhletleýin döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanda ösen elektroenergetika, nebit we gaz çykarýan, nebiti gaýtadan işleýän, himiýa we nebit-himiýa senagatlary, maşyn-gurluşyk we demiri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalar, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalary bilen üpjün edilen köp pudakly dürli maksatly ykdysadyýet döredildi.

Türkmen halkyny ösüşiň ak ýollary bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzdan dowamat-dowamly Arkadagly Serdarymyza talyp kalbymyz bilen alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!

Ataýew Resul

Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby