Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebi mirasymyzy öwrenmek, milli medeniýetimizi ösdürmek barada uly tagallalar edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň durmuş – ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” kitaby 2 tomdan ybarat kitaby biz-ykdysadyýetçiler üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Kitabyň her babynyň bölümlere bölünip berilmegi has-da ýerine düşüpdir. Agrosenagat toplumynyň döwlet kadalaşdyrylyşy hakdaky bap hem “ Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň agrar ulgamynyň döwlet kadalaşdyrylyşynyň esasy ugurlary”, “Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň agrosenagat toplumynyň işini düzgünleşdirmegiň guramaçylyk meseleleri, “Ýeri kärendesine almak we kärendeçiler“, “Agrar ulgamynda amala aşyrylýan salgyt syýasaty” diýen bölümlere bölünýär. Bu bölümleriň her birinde agrosenagat toplumynyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylyşy degişli resminamalar, sanlar we maglumatlar esasynda düşündirilýär.
Kitapda Türkmenisatanyň maýa goýum, salgyt-býujet, sebitler syýasaty, dünýä hojalygynyň globolizasiýasy şertlerinde ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygy, pul dolanyşygynyň we karzyň we başga-da köp sanly meseleler öz beýanyny tapýar.
Biz ýaşlara nusgalyk atalyk kitaplary peşgeş berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw edýärin. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Bagybekow Döwletmyrat
Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby