Delegatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm rol oýnaýarlar. Olar häzirki döwüriñ meselelerini çözmeklige we gatnaşyklary jebisleşdirmeklige işjeñ gatnaşýarlar.
Köptaraplaýyn diplomatiýanyñ üsti bilen delegatlar guramalaryñ ýörelgelerini we maksatlaryny öñe sürmekde öz goşantlaryny goşýarlar. BMG-nyñ agza döwletleriniñ wekilleri hem Baş Assambleýada, Howpsuzlyk Geñeşinde we guramanyñ beýleki esasy organlarynda öz döwletleriniñ bähbitlerini goraýarlar.
Delegatlaryñ halkara gatnaşyklaryny amala aşyrmakdaky ähmiýetini göz öñünde tutup, Baş Assambleýanyñ rezolýusiýasy esasynda 2020-nji ýyldan başlap her ýylyñ 25-nji apreli halkara delegatyñ güni diýlip yglan edildi.
Bu rezolýusiýada Birleşen Milletler guramasynyñ statutynda öñe sürülen ýörelgeleri, has takygy, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda, ähli halklaryñ sosial we ykdysady ösüşini üpjün etmeklik üçin halkara mehanizmleri ulanmakda we adam hukuklaryny berkarar etmekde ähmiýeti öñe sürülýär.
Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylda San-Fransisko konferensiýasynyñ geçirilenine 75 ýyl boldy. Bu konferensiýa 50 döwletden müñlerçe delegatlar gatnaşyp, 2 aýyñ dowamynda alnyp barylan işler netijesinde üstünlikli tamamlanypdy. Bu konferensiýany taryhyñ iñ bir ähmiýetli wakalarynyñ biri etýän hem onuñ netijesinde BMG-nyñ düzgünnamasynyñ kabul edilmegidir.

Resul WELMIÝEW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby