Ýylyň şygaryndan belli bolşy ýaly, ýagny “Arkadagly Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda döwrüň öňe süren ýene bir möhüm meseleleriniň biri ýaşlar syýasatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda ýaş nesillere uly ynam bildirilip, ähli üns ýaş nesle, we nesil terbiýesine gönükdirilýär diýsegem ýalňyş bolmaz. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik –syýasy we medeni-durmuşynda ýaşlaryň ornuny artdyrmak we gazanylýan üstünliklere olaryň goşantlaryny goşup bilmekleri şertlendirýär.
Gahryman Arkadagymyzyň dünýä syýasatynda emele gelen şu günki şertlerden, ählumumy gün tertibinde kesgitlenen meseleler toplumyny çözmekde köptaraplaýyn mehanizmler amal edilmeli diýen ýörelgelerden ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň “Dialog –parahatçylygyň kepili” täze filosofiýasyny dünýä jemgyýetjiligine teklip etmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt raýatlary bilen ylmy we medeni gatnaşyklary giňeltmekleri, dürli forumlara, sammitlere işjeň gatnaşmaklary babatynda giň mümkinçilikler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň: “Ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklarynyň gurallaryny döretmegi we olardan netijeli peýdalanmagy teklip edýärin. Munuň özi geljege goşantdyr. Häzirki ýaş parlamentarileriň köpüsi öz ýurtlarynyň döwlet dolandyryşynda, daşary syýasatda, ykdysadyýetde , bank ulgamynda esasy wezipeleri eýeläp bilerler. Şu kuwwatdan peýdalanmak, ýaşlaryň parlamentara işiniň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek zerurdyr” diýip belläp geçmegi ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ösüşindäki tutýan ornuna täzeçil garaýşy emele getirýär.
Bu günki günde ýaşlar ýurduň rowaçlanmagynyň esasy jemgyýetçilik görkezijisi hökmünde çykyş edýär . Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda gazanylan netijeler geljekki üstünliklerimizi kepillendirýär.

Geldiýarow Döwlet,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Binagärlik gurluşyk fakultetiniň talyby.