Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler netijesinde ylym-bilim ulgamy belent sepgitlere ýetdi. Biz ýaşlaryň hünär başarnyklarymyzy artdyrmak maksady bilen, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn we okuw usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ugurda sanly bilimiň döwrebap mümkinçilikleri gün-günden kämilleşdirilýär. Çagalar baglarynda, orta mekdeplerde , ýokary okuw jaýlarynda we dürli edaralarda häzirki wagtda sanly ulgam ornaşdyrylan. “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edilip, ol ütünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesiller ugrunda edýän aladalaryndan nyşan bolup durýar.
Döwrebap tehnologiýalar diňe bir okuw-ylmy merkezlerde bolman , eýsem ol ähli pudaklarda hereket edýär. Hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň nebit-gaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmäge, önümçiligiň artdyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Bu günki günde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden durmuşa ornaşdyrylyp, özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri hem pudaklarda sanly ulgamy has-da ösdürmek bilen baglydyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümlerini ösdürmekde ýaş alymlarymyzyň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik ylmy barlaglary möhüm ähmiýete eýedir”- diýip belleýär. Şu many-mazmuna ýugrulan parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaş hünärmenleri taýýarlamak, olaryň giň dünýä garaýyşly bolup ýetişmekleri möhüm ahmiýete eýe bolup durýar.
Halkyny eşretli zamanada ýaşadýan, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il ýurt bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan beýik tutumly işleri elmydama rowaçlyklarda rowaçlyklara beslensin!
Sanly ulgamyň möhüm ähmiýeti

Muhammetdurdy RAHMANOW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.
Muhammet HAÝDAROW,
Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 3-nji ýyl talyby.