Türkmen halky adamzat medeniýetine uly goşant goşan halkdyr. Kuwwatly döwletleri guran halkymyz özüniň deňsiz-taýsyz halylary, alabaý iti we ahalteke bedewleri bilen taryhda öçmejek yz galdyrdy. Ahalteke bedewi tutuş ýer ýüzünde münüş atlarynyň iň gadymylarynyň biri hasaplanylýar. Taryhy çeşmelerde seýisçilik sungatynyň ilkinji dörän ojaklarynyň biriniň türkmen ýaýlasydygy doly tassyklanylýar. Gadymy Marguşda biziň eýýamymyzdan öňki III-II asyrlarda atlaryň eldekileşdirilip başlanandygy dogrusynda maglumatlar tapyldy. Taryhçylar bu behişdi bedewleri «Nusaý atlary» diýip atlandyrypdyrlar. Gadymy hytaý ýazgylarynda bolsa bu atlar «Asman atlary» diýlip ýatlanylýar.
Halkymyzyň at-abraýyny belentde ýaňlandyrýan gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen bedewleri milli buýsanjymyzdyr. Ahalteke bedewleri özünde jemleýän ajaýyplyklary bilen dünýäni haýrana goýýar. Olar has irki döwürlerden bäri adamzat durmuşynda möhüm orny eýeläp gelýärler. Muňa ýurdumyzyň çäklerinden tapylan gadymy ahalteke bedewlerine degişli tapyndylar doly şaýatlyk edýär. Gadymy Altyndepeden we Namazgadepeden biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllyga degişli bolan atyň şekili we oňa goşulýan arabalaryň terrakot (toýundan ýasalan önüm) nusgalary ýüze çykaryldy. Gadymy Marguş ýurdunda we onuň paýtagty hasaplanylýan Goňurdepeden hem ata-babalarymyzyň seýisçiligi bilen bagly birnäçe subutnamalar tapyldy. Goňurdepedäki gadymy mazarlykda biziň eýýamymyzdan öňki III-II müňýyllyklara degişli bolan taýçanagyň mazary ýüze çykaryldy.
Nusaý atlary özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen beýleki tohum atlardan tapawutlanypdyr. Bu atlar XIX asyryň ahyrlaryndan «ahalteke» bedewleri diýlip atlandyrylyp başlanýar.
Arkadagly Serdarymyz türkmen atşynaslyk sungatyna uly üns bermek bilen, ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, milli seýisçilik sungatyny bütin dünýä wagyz etmek dogrusynda döwletli işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň aprel aýynda paýtagtymyzda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XII mejlisinde hem ýurdumyzda atşynaslyk ulgamyny ösdürmek maksady bilen birnäçe wajyp wezipeleri kesgitledi. Arkadagly Serdarymyzyň ahalteke bedewleriniň täze tohumçylyk nesil ugurlaryny döretmek, ahalteke atçylyk medeniýetini we sungatyny wagyz etmek üçin kitaplary taýýarlamak hem-de sanly ulgam arkaly mahabat çärelerini geçirmek babatda öňe süren asylly başlangyçlary halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda şan-şöhraty äleme dolup gelýän milli medeniýetiniň has-da baýlaşmagyna we bedewlerimize bolan sylag-hormatyň artmagyna oňyn täsirini ýetirer. Şeýle-de ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimizi ösdürip ýetişdirmekde merdana pederlerimiziň ýolunyň täzeden dabaralanmagyna uly itergi berer.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen türkmen bedewleriniň sarpasy has belent tutulýar. Biz milli buýsanjymyz we guwanjymyz bolan ahalteke bedewlerimize guwanmaga haklydyrys.
Satlykowa Ogulgül,
Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar bakja bagynyň terbiýeçisi.