Ajaýyp ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz olary wasp edýän birnäçe eserleri döretdi. Şolarda halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserlerine öwrülen şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.
Mähriban Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, bedewler halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir, halkymyz bedewleri ýakyn syrdaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeleri hem ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün etdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň goldaw bermegi netijesinde, türkmen seýisleri we atşynaslary behişdi bedewleriň arassa ganly tohumyny gorap saklamak, ady rowaýata öwrülen atlara edilýän idegi kämilleşdirmek üçin döredilen giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýarlar. Ata-babalarymyz köp asyrlaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, zehini bilen arassa, tutuş adamzadyň söýgüsine mynasyp bolan bedewleri kemala getirip, nesilden-nesle geçiripdir.
Häzirki döwürde ýurdumyzda halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen, welaýatlarda bina edilen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň — atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek.
At çapyşyklary eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu bolsa türkmen ilinde asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryň döwrebap derejede ösdürilýändigine güwä geçýär. Häzirki döwürde atçylyk sportunyň dürli görnüşleri, aýratyn-da, milli at üstündäki oýunlar işjeň ýagdaýda ösdürilýär.
Aýdylyşy ýaly, ilkinji sarp edilen yhlas bize goşa-goşadan gaýrat eçilýär, gursagymyza ynam guýýar, kalbymyza umyt çaýýar, yhlasly ynam beýik işleri amala aşyrmaga gurbat, kuwwat berýär. Şonuň üçin-de, mähriban Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekdäki, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdaky, welosiped sürmekdäki, bedew münmekdäki beýik nusgalyk göreldeleri biziň milli buýsanjymyz hem-de ýol-ýörelgämizdir.
Döwletmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby