Ösüp gelýän nesliň bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, çaganyň hukuklaryny we bähbitlerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegini, bilim, terbiýe almagyny üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler geçirilýär, bu ugurda döwlet maksatnamalary we milli meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda, hususan-da, çagalar babatda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde Gün tertibini amala aşyrmak boýunça milli tagallalar barha rowaçlanýar.
BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde döwletimizde ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak we goramak, anemiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek, duzy ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak, maşgala lukmanynyň ýörelgesi boýunça ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlar boýunça meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleri, «Ene mähri» merkezleri, paýtagtymyzda 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi hereket edýär. Çagalar baglarynda çagalaryň sagdyn bedenli, ruhubelent nesiller bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Olaryň şahsyýetini ösdürmäge, sanly bilim ulgamyna girişmegine, dil taýýarlygyny ýokarlandyrmaga eýýäm çagalar bagyndan başlanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda toplanan milli tejribelere we dünýäniň öňdebaryjy tejribesine esaslanyp, mekdebe çenli ýaşly çagalary mekdebe taýýarlamak boýunça ene-atalar üçin uzak aralykda okuw gollanma kömegini bermek hem-de mümkinçiligi çäkli raýatlar üçin uzak aralykdan bilimi ýola goýmak baradaky edýän tagallalary ýaş nesil hakdaky aladanyň kämil nusgasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň, beýik başlangyçlarynyň dowamat-dowam bolmagyny arzuw edýäris.
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy