Ýurdumyzyň ösüşleri gün- günden öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen edilýän işleriň üstünlikli amala aşmasyna giňden ýardam berýän Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzy bagy- bossanlyga öwürmek işleri her ýylyň bahar aýlarynda has-da gyzgalaňly alnyp barylýar.Ýer ýüzüniň ýaşyl kürtesi bolan agaçlar bu günki gün daşky gurşawy abadan saklamakda iň ajaýyp gorag mahmaly hökmünde öwrenilýär. Biziň ýurdumyzda hem ýer ýüzündäki ähli täsin agaçlarda täsinlikleriň gabat gelşi ýaly ajaýyp gök baglar , hat-da müňýyllyk agaçlar hem bar. Munuň özi ene topragymyzyň has gadymy,has bir gözel ýerler bolandygyny alamatlandyrýar. Dürli baglar, agaçlar barada gyzykly maglumatlara biz hälimi- şindi gabat gelýäris. Çünki olar ýer togalagynyň gadymy “ýaşaýjysy” hökmünde ilkinji nobatda suwda bitýän ösümlikler has “gadymy” hasap edilýär.Ol ösümliklere 1 million ýyl bolandyr diýip, alymlaryň çaklamagy , gök guşagyň täsin älemgoşarlarynyň sany hem olaryň ýer togalagynd adöredýän güýjünden habar berýär.Köp baglaryň otlaryň , hat- d abir tokaýyň bir düýpden ybaratdygyny hem alymlar öwrendiler. mUnuň özi ýer togalagynda agajyň ähmiýetiniň neneň derejede güýçlidigini subut edýär.Dünýäniň ýüzünde hiç ýerde gabat gelmeýän ösümlikleriň Köýten daglarynda, Balkan sebitlerinde hem gabat gelmesi biziň topraklarymyzda hem bag- bakjalygyň watany bolandygyny subut edýän maglumatlary öziçine alýar. Agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň, şeýle-de tebigat bilen bir howadan dem alýan ähli zatlara agaçlaryň täsiri uludyr. Muny dünýä alymlary hem şeýle belleýär. Umuman ýer ýüzünde agaçlaryň sany, görnüşi boýunça 3 trilliona barabardyr. Olaryň görnüşleriniň köplügi ýurtlaryň territorial aýratynlyklary bilen bir hatarda, ösýän ýeri,klimaty, howa şertleri, täsin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýandyr. Agaçlar ýer togalagyny gurşap almak bilen bir hatarda olaryň döredýän howasy, olaryň her biriniň aýratynlyklary hem-de özbaşdaklyklary olaryň ösýän ýeriniň tebigatyna hem-de ol ýerdäki howa şertleri bilen gönüden – göni arabaglanşykdadyr. Dünýäniň çar künjnüde bolşy ýaly, ýurdumyzda hem gök guşak syýasaty bu günki gün bag ekmegiň, agaç nahallaryny oturtmagyň üstünlikleri bilen beslenmäge, abraýa almaga mümkinçilik tapýar. Ýer togalagynyň çar künjünde ekologiýa abadançylygy, gök guşagy gorap saklamak bilen ýurdumyzda saýaly we gök baglaryň nijemesi ýylyň ýylyna oturdylýar. Munuň özi ýer ýüzünde ýaşaýan gök baglara, beýleki saýaly baglara goşantdyr.Arça Ýer ýüzünde iň köp ýaýran agaçlaryň biri hasaplanýar. Şol sebäpli tokaýlaryň köp bölegini arçalyklar emele getirýär.Çydamlylygy bilen tapawutlanýan bu agaçlar diňe howany däl, topragy hem dannamaýar.Arçanyň köpüsi 100-200 ýyl aralygynda ýaşaýar, ýöne olaryň müň ýyla çenli ýaşaýan görnüşleri hem bar.Şol sebäpli-de ýylyň ýylyna agça oturtmagy özlerine adat edinen döwletleriň hatarynda biziň Mähriban watanymyz hem bar. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňdenbaryjy ýol görkezmesi esasynda ýurdumyzda müňlerçe agaç nahallary oturdylýar.Beýleki döwletlerde hem oturdylýandygy eýýäm her ýyl berilýän maglumatlarda aýdylýar.Hut ýylyň ýylyna ekilýän agaç nahallar bolsa, tebigatyň täsin kürtesini öňküden hem galňadýar. Muňa birnäçe mysallar arkaly ýüzlenmek bolar. Rossiýa döwleti agaç nahallaryny oturtmakda ilkinjileriň hatarynda bolup,640 mlrd agaç ösüp ýetişýändigi bilen ýer ýüzünde tapawutlanýandyr. Kanada hem- de Braziliýada bolsa, 300 mlrd agaç ösdürilip ýetişdirliýär. Howa şertleriniň ýer ýüzünde aşa gyzmagy netijesinde 15 mlrda golaý agaç azalmaga başlady. Emma her bir döwletde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem gök guşak syýasatyny amala aşyrmak bilen agaç nahalalrynyň millionlarçasy oturdylmaga başlady. Munuň özi ýurdumyzda gök ösümliklere uly üns berilýänligini alamatlandyrýar.Şeýle ajaýyp bagly- bakjaly ýurt bolan türkmen diýarynda gök baglaryň ylmy usulda ýaýbaňlanmasynda biz hem elimizden gelenini edip öwrenmek hem-de Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň öňdenbaryjy ýol görkezmesi esasynda ýaşlara hem öwretmek işlerini alyp barýarys. Şeýle uly mmükinçilikler bolsa bizi öz işimizde tejribe gazanmaga giň ähmiýet berýär. Munuň özi biziň tebigatyň ýaşyl kürtesiniň abadan saklanmagyndaky goşandymyz boljagyna ynanjymyzy artdyrýar.

Maýagözel Muhyýewa 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Enejan Amatowa 

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynyň Dendrologiýa bölüminiň uly ylmy işgäri