2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly iki günlük halkara maslahat we sergi geçirildi.
Bu halkara çärelere ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri bar.
“Halkara ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ulag pudagynda işleýän daşary ýurtlaryň, halkara we döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň ýolbaşçylary häzirki döwrüň meseleleri we mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny, çalt özgerýän ykdysady ýagdaýyň çäginde dünýä söwdasynyň ösüşiniň geljegi we mümkinçilikleri barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Halkara söwdany ýeňilleşdirmekde we kämilleşdirmekde ulag we logistika infrastrukturasynyň orny, halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde hem-de işjeňleşdirmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Halkara maslahatyň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin dürli maslahatlaşmalar, ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler, resminamalara gol çekmek ýaly birnäçe çäreleriň guralandygyny hem aýtmak bolar.
Begenç NURALYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.2023-nji ýylyň 3-4-nji maýynda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi we onuň garamagyndaky degişli edaralar bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly iki günlük halkara maslahat we sergi geçirildi.
Bu halkara çärelere ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, bilermenler, maýadarlar şeýle-de ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly sergä gatnaşyjylaryň hatarynda «Vitol», «Meno Logistics», «Boeing», «Dragon Oil», «Fly Dubai», «Airbus», «Cargo Lux» halkara logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň, Howa Ulaglarynyň Halkara Assosiasiýasynyň (IATA), Halkara gämiçilik edarasynyň (ICS), Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) wekilleri bar.
“Halkara ulag we logistika: çagyryşlar we mümkinçilikler” atly umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň ulag pudagynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ulag pudagynda işleýän daşary ýurtlaryň, halkara we döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň ýolbaşçylary häzirki döwrüň meseleleri we mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny, çalt özgerýän ykdysady ýagdaýyň çäginde dünýä söwdasynyň ösüşiniň geljegi we mümkinçilikleri barada garaýyşlaryny beýan etdiler. Halkara söwdany ýeňilleşdirmekde we kämilleşdirmekde ulag we logistika infrastrukturasynyň orny, halkara ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde hem-de işjeňleşdirmekde döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Halkara maslahatyň çäginde oňa gatnaşyjylar üçin dürli maslahatlaşmalar, ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler, resminamalara gol çekmek ýaly birnäçe çäreleriň guralandygyny hem aýtmak bolar.
Begenç NURALYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.