Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk döredijilikli syýasaty, ýurdumyzyň häzirki gazanan uly üstünlikleri janyny aýaman mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine dikilen belent heýkeldir. Türkmen halky Gahryman diýen ada, ordendir medallara mynasyp bolan Watanymyzyň merdana goragçylaryny, ýanýoldaşyny söweşe ugradyp, yzynda ýalňyz galan zenanlary, eneleri we uýalary hiç haçan unutmaz. Olaryň tylda görkezen gahrymançylygy we edermenligi Ýeňiş gazanmak ugrundaky hereketlerinde uly ähmiýete eýe boldy we häzir Garaşsyz Watanymyzyň gazanan üstünlikleriniň goragynda durýan ýaşlar üçin nusga hem-de terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen zenanlary uruş ýyllarynda Goranmak gaznasyna köp mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, hakyky watansöýüjiligini, ata-babalarymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan däplerine ygrarlydyklaryny görkezdiler. Biziň uly ýaşly nesillere çäksiz hoşallygymyz, olaryň gahrymançylykly hereketleri baradaky hakydamyz anyk işlerde beýanyny tapýar. Şol işler parahatçylygy goramaga, Garaşsyz Türkmenistany yzygiderli ösdürmäge, jemgyýetde belent ynsanperwer ýörelgeleriň goralyp saklanmagyna gönükdirilendir.
Türkmen döwleti frontçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň zerurlyklaryna aýratyn üns-alada bilen garaýar. Milli gahrymanlarymyzyň atlary “Hatyra” we “Şöhrat” atly kitaplarda ebedileşdirildi. Weteranlara köp sanly ýeňilliklerden başga-da, durmuş taýdan goldaw hem berilýär.
Ýeňiş baýramynyň bellenilýän günlerinde ýurdumyzda geçirilýän çärelerde urşa gatnaşan gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary aýdyň görkezilýär. Goý, ýurdumyz abat, ilimiz abadan bolsun!
Gülbahar HALBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.