Milli terbiýe, milli häsiýet örän çuň düşünjelerdir. Diňe ýagşylyk düşünjesi arkaly milli terbiýäniňdir milli häsiýetiň esasy aýratynlyklaryny açyp görkezmek bolar. Çünki her bir zadyň başlangyjynda, isle ol terbiýe bolsun, isle iş bolsun, gözbaşda agzybirlik durýar. Şeýle bolansoň pederlerimiz agzybirlige synmaz gala hökmünde garapdyrlar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy— ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk— abatlyk», «Zähmetsöýerlik—gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk—asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy — paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümlerden ybarat. Bu ajaýyp kitapda agzybirlik düşünjesiniň özbaşdak bölüm edilip alynmagy çuň many-mazmuna eýedir. Agzybirlik — döwletliligiň gözbaşy. Döwletlilik — bagtyýarlyk, şonuň üçin hem bu babatda pelsepewi pikir ýöredilende, agzybirlik ýaly milli häsiýete ünsi çekmezlik mümkin däl. Agzybirlik bolan ýerde bagt bar, agzybirlik bolan ýerde üstünlik bar, agzybirlik bolan ýerde aýdyň ertirlere ynam berkeýär.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda agzybirlik bilen bagly şeýle nakyllar bar: «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl», «Döwletlilik — ag- zybirlik, bidöwletlik — agzalalyk», «Agzybiriň aşy bir», «Söýenişen — ýykylmaz», «El eli ýuwar, iki el birigip — ýüzi».
Ata-babalarymyz her bir işde maslahatlaşmagy dogry hasaplapdyrlar. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Ýedi ölçäp, bir kes» diýen ýaly pikirlere eýeripdirler. Bir zadyň düýbi tutulanda, haýyrly işe girişilende, hatda toý tutuljak bolnandada birek-birege geňeş salnypdyr. Ogul öýerilmänkä geňeş toýunyň tutulmagy pederlerimiziň milli terbiýä siňen asylly däpleriniň biridir. Şeýle däpler häzirki günde-de dowam etdirilýär.
Magtymguly Pyragynyň «Türkmeniň» goşgusynda agzybirlik hakynda şahyrana beýan edilýär:
Köňüller, ýürekler, bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Birsuprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Şeýle pikirlerdir ýürek arzuwlary halkymyzyň agzybirlik taglymatyny nesilleriň terbiýesine siňdirmekde esasy çeşmeleriň biri bolup gelipdir.
Agzybirlik il-ulsumyzyň bir supranyň başyna jem bolmagydyr. Agzybirlik «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýen ynama ygrarlylygymyzdyr. Ata-babalarymyzyň agzybirlik baradaky pentleri asyrlary külterläp, gadymylygyň gatlaryndan dowam edip gelýär. «Ojagyňda agzybirlik bolsun!» diýilýändir. Bir supranyň başyna jem bolan il-halkymyzyň geljege umydy agzybirligimizdedir. Agzybirlik adalatlylygyň we döwletliligiň sütüni». Şu aýdylanlardan görnüşi ýaly, agzybirlik düşünjesinde ýaşaýşymyzyň many-mazmuny jemlenýär.
Allayarow Mekan,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.