Eziz ýurdumyzda Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda jemgyýetde sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi möhüm meseleleriň biri hökmünde öňe sürülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz sportuň dürli görnüşleri babatda ýaşlara nusgalyk göreldedir. Mähriban Arkadagymyz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň adamy diňe beden taýdan taplamak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, zähmete söýgini we maksada okgunlylygy terbiýeleýändigini yzygider nygtaýar.
Sagdynlyk we ruhubelentlik esasy durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny, adamlaryň asylly ýörelgelere, beýik maksatlara bolan egsilmez ynamyny hem-de belent ruhuny özünde jemleýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda 2021–2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilip geçilişi ýaly, döwletimizde bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy maksady milletiň saglygyny gorap saklamaklykdan we pugtalandyrmaklykdan ybaratdyr.
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýe we sport «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ösdürilýär. Bu Milli maksatnama laýyklykda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmeklikde geljekde alnyp baryljak giň gerimli özgertmeler barada Arkadagly Serdarymyz özüniň 2022-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda aýratyn durup geçmeklik bilen: Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Röwşen GARAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Bedenterbiýe mugallymy.