Güneşe baş türkmen topragy dermanlyk ösümliklere diýseň baýdyr. Şolaryň biri-de süýji buýan bolup, esasan, lukmançylykda gadymdan bäri ulanylyp gelinýär. Onuň ýiti süýji tagamynyň, açyk sary reňkiniň, özboluşly ysynyň bolmagy adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Buýan köküniň şeýle häsiýetleri ösümligiň adyndan hem bellidir. Glycyrrhiza — grekçe “süýji kök” diýmekdir. Süýji buýanyň esasy aýratynlygy onuň köküniň düzüminde örän köp mukdarda glisirriziniň barlygydyr. Ylmy maglumatlarda glisirrizin turşusynyň duzlarynyň antioksidant häsiýetiniň hasabyna bagryň funksional işjeňliginiň ýokarlanýandygyny, wirus gepatiti bolan kesellerde we zäherli maddalar bilen şikes ýeten organizme buýan köküniň şiresi kabul edilende, bagryň işine hem-de gurluşyna oňaýly täsir edýändigini tassyklaýarlar.
Alymlaryň geçiren barlaglarynyň netijesinde, Türkmenistanda ösýän süýji buýanyň köküniň hili boýunça dünýäde 1-nji orundadygy belli edildi. Süýji buýan köküniň ähmiýeti immunitet dörediji, şeýle hem wirusa we allergiýa garşy häsiýetleri ýüze çykarylanda has hem artdy. Süýji buýanyň kökünden, toşabyndan alynýan önümler häzirki wagtda kosmetikada we parfýumeriýada giňden ulanylýar. Onuň önümleri köp sanly kremleri, losýonlary, şampunlary we şoňa meňzeş önümleri ýasamakda ulanylýar.
Süýji buýan iýmit senagatynda hem giňden ulanylýar. Süýji buýana bolan islegiň artmagy, şol sebäpli köküniň has köp ýygylmagy netijesinde, onuň meýdanlarynyň kemelip, hasylynyň hem azalmagy sebäpli, buýany medeni ösdürip ýetişdirmegiň zerurlygy ýüze çykýar.
Süýji buýany köpeltmek kornewişa we tohumyny ekmek bilen geçirilýär. Ol göçýän çägeleri berkediji, topragy baýlaşdyryjy hem-de beýleki ekinleriň ekiljek topragyny gurplandyryjy ösümlik bolup hyzmat edýär. Buýan kökünden boşan ýerler örän gurply häsiýete eýedir. Süýji buýanyň ýerüsti bölegi mallar üçin ýokumly ot-iým, ýerasty bölegi bolsa derman senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Türkmen Döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Tyllanurow Yslamberdi