Türkmen halkynyň halyçylyk sungaty onuň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän hem-de eneleriň mährini berip dokan halylarynyň halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde nijeme asyrlardan bäri gelýär.
Nepis türkmen halylary Gündogaryň ýurtlarynda we Ýewropanyň, Amerikanyň ýurtlarynda gadyr-gymmaty, mähre garylan reňkler , elleriň söýgüsi hemmesi bir zady ber ýere jemleýän uly bir eser bolup, ýürekde galýar. Şol sebäpli-de ilkinji nobatda türkmen halysy hakynda gürrüň etmek üçin şol hala siňen mähir – güýç hakda giňişleýin aýdylmagy has ýerlikli bolar.
Türkmen gelin-gyzlarynyň el işi bilen döreden ajaýyp çeper eserleri etnografiki we taryh muzeýlerinde nusga bolup galypdyr, şeýle-de şol işlerde gudrat görünmäge başlapdyr. Şol gudratdan nepis sungat emele gelipdir.Garagöz türkmen zenanlarynyň yhlasy,mähiri siňen häzirki güne çenli hem dünýä halklaryny haýrana goýýan Türkmeniň özboluşly,nepis sungatydyr.
Türkmen halysy öz gözbaşyny ene topragymyzyň mukaddes goýnunda boý alan daragtlardan darak edilip, sünne hem-de keser, hat-da haly guraly hem şeýledir, şol bir zadyň ata watany onuň özüniňki bolýar.Asyrlardan kök alyp gaýdýar, we ondaky keşdeler bolsa Türkmen tebigatyny, gülleri,haýwanlary,derýalary, daglary şeýle hem pelekleriň keşbini şol bir çitimleriň içine salýar.
Şeýle mähirli türkmen halysy biziň milliligimizdir,milli gymmatlygymyzdyr. Şol sebäpli-de ony aýap saklamak biziň ata- baba gelýän dessurymyzdyr. Asyrlar boýy gelýän dessurlarda görnüşi ýaly türkmen gelin- gyzlarynyň on barmagyndan dörän halylary bu günki gün görmäge göz gerek.
Türkmen halysy özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi özünde jemleýän sungat eseridir.
Gelin –gyzlarymyzyň döreden el hünäriniň baýramçyly her ýylyň maý aýynyň ahyrky ýekşenbesinde geçirilmek bilen asyrlar boýy gelýän halyçylyk sungatyna bolan hormaty nyşanlandyrýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadgymyzyň türkmen halysy hakynda ýazan kitaplary hem bu ajaýyp sungatyň nepisligini ýüze çykarýar.Öz topragymyzda ýaşap, döredip hem-de iň ajaýyp gözellige mähir siňdirip dokan gelin- gyzlarymyzyň bu günki gün bagtyýar halkymyza goýýan mirasynyň bahasyna ýetme ýokdur. Gözellikde saýlanan gelin- gyzlaryň on barmagynyň hünäri bilen mähir çaýylan ajaýyp sungaty hiç wagt ýitmez.

Pirmuhammedow Sähet,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Weterinar lukmançylygy fakultetiniñ Maglumat howpsuzlygynyñ menejmenti hünäriniñ 1-nji ýyl talyby