Dünýäde meşhurlyga eýe bolan halyçylyk sungatymyz halkymyzyň naýbaşy
gymmatlygy, milli buýsanjy hökmünde arzylanýar. Haly we palas dokmaçylygy gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, onuň inçe tärleri dokmaçylar tarapyndan
biziň günlerimize çenli dowam etdirilýär. Haly dokalýan gural halk arasynda sebite görä gurama ýa-da dükan diýlip atlandyrylýar.
Gadymy usulda haly ýüwürtmek üçin keseleriň üstünden eriş ýüwürtmeli aralyklar ölçenilip, deňlenýär. Mäşirikleriň ujy kese agaja ölçenip belgilenen ýere pugta daňylýar. Ýüwürdip gatnatmak üçin olary yrym edip, diňe gyzlaryň eline berýärler. Olar çalasynlyk bilen mäşirigi agajyň aşagyndan geçirip, öwrüp, tizlik bilen ikinjiniň hem aşagyndan geçirip, öwrüp, tertipde ýüwürdimini soňuna çenli dowam edýärler. Erişler çapraz geçirilýär. Mäşirik ýüwürdýän gyzlara ýüwürdip bolýançalar, däbe görä, otyrmaga rugsat berilmeýär. Yryma görä, ýüwürdilip durka otyrylsa, halynyň göwresi-süňňi gowşak tutulýamyş.
Gelin-gyzlar erişleri sagyp (çekip), kese agaja endigan ýerleşdirýärler. Halynyň gyrasynyň 2-3 santimetrinde erişler gür goýulýar. Bu haly dokalanda yza gaýtamzlygy üçin peýdalydyr. Gyra erişleriniň gowşamazlygy üçin peýdalydyr. Gyra erişleriniň gowşamazlygy üçin her gyranyň 10 sm ýerindäki erişleri gatyrak çekilip ýüwürdilýär. Halynyň her 10 santimetrinde azyndan 40-41 eriş bolýar. Has inçe halylarda 48 erşe çenli ýetýär. Palas Ýüwürdilişi halynyňkydan tapawutlanýar. Onda erişler seýrek goýulýar we ýüplükler halynyňkydan ýogyn bolýar. Haly ýüwürtmek has inçeligi we ezberligi talap edýär. Şoňa göräde bu sungat biziň günlerimizde hem arzylanyp, özüniň meşhurlygyny giňden saklap gelýär. Her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Milli haly baýramy giňden bellenilip geçirilýär. Bulardan başga-da 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda ,,Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karary bir agyzdan kabul edildi.
GYMMATLY NEPIS SUNGAT.
