Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleri şu ýylyň 18-19-nji maýynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçiriljek sammite gatnaşarlar. Bu barada “China Daily” neşiri habar berýär.
“Hytaý-Merkezi Aziýa” sammitine hytaý tarapynyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşar. Bu sammitiň netijeleri boýunça döwlet Baştutanlary möhüm syýasy resminamalara gol çekerler. Hytaýda geçirilýän bu ilkinji möhüm diplomatik çäräniň 31 ýyl mundan ozal diplomatik gatnaşyklar ýola goýlaly bäri 6 döwletiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ilkinji ýüzbe-ýüz geçiriljek sammitidir. Sammite Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasyndaky oňyn gatnaşyklar we “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň ýola goýylany bäri hyzmatdaşlykda gazanylan üstünlikler görkeziler.
Sammite gatnaşýanlar Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşine syn berip, Hytaý-Merkezi Aziýa mehanizminiň döredilmegi, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem-de esasy halkara we sebitleýin meseleler dogrusynda pikir alşarlar.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Wang Wenbin: “Biz taraplaryň ählisiniň bilelikdäki tagallalary bilen bu sammitiň Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar üçin täze ösüş meýilnamasyny kesgitlejekdigine we hyzmatdaşlygyň täze döwrüne badalga berjekdigine ynanýarys” diýip, belläp geçdi.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.