Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen tanyş bolmak, onuň döredijiliginde hak aşygymeňli gyzyň tarypy hakda aýtmak onuň hat-da filosofik dünýägaraýyşly şygyrlarynda hem köp gabat gelýär.
Emma onuň manylaryny ýerbe-ýer ulanmak üçin ussatlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.
Onuň gözlegleri ylahy bir nazar,ol yşkdan özüni soňra ýaradylyşy gözleýär. Onuň Meňli gyza bolan yşgy ýüjelip, içindäki ruhuň iň soňky burçlaryna çenli gidýäne meňzeýär. Meňli gyz kalby sap, ýüregi yşkdan doly, Magtgymulynyň şygyrlarynyň içindäki sadaplarda dür bolup galýar kibi görünýär, onuň umumy poeziýasyna ser salanyňda göz ýetirmek mümkin. Onuň şygyrlaryndan Meňli gyza bolan yşgy hakdaky duýgulary eriş- argaç bolup geçýär.
Şygyrda ýaradylyşda bar bolan barlyklaryň ählisinde bir barlyk içre duran güýç bardygyny poeziýanyň üsti bilen subut edýän Pyragy bu günüň alymalrynyň hem-de edebiýatçylarynyň açyp bilmedik syrly sandygy kibi jadylaýjydyr.
Türkmen halkynyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň taryhynyň çeşmeleri, gelip çykyşy we dünýäniň dillerinden şahalanyp aýrylyşy hakda gürrüň açylanda türkmen diliniň iň gadymy dilleriň biridir diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.
Magtymgulynyň ady häzirki döwürde, Berkarar Döwletimiziň täze eýýäminiň Galkynyşy döwrümizde birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň,Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň atlary bilen gönüden göni baglanşyklydyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň iň gözel köçesiniň adyny götermegi, etrabyň hem- de mekdepleriň atlaryny götermegi hem biziň üçin buýsançdyr. Ak şäherimiz Aşgabadyň eteginde Köpetdagy etekläp oturan ýerde onuň ýadygärliginiň goýulmagy bolsa, bu günki gün biziň milli şahyrymyzyň döredijiligine goýulýan sarpanyň nyşanydyr. Yşk, söýgi, gözleg , watan hakdaky şygyrlaryň üsti bilen gözel şemallaryň Bahry- Hazar arasynda aýlanyp duran keşbinde Pyrgaynyň kalbyna giren Meňli gyzyň obrazy hiç wagt ýatdan çykmaz.
Magtymguly Pyragysy bilen dünýäniň ýüzünde tanalýan türkmeniň ykbaly göterilip, bu gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan belent ösüşleri bilen dünýäde meşhurlyk gazanandygyny aýtmagymyz, ony belläp geçmegimiz gerek.