Marketingde mahabat bazary ykdysady ulgamyň bir bölegi bolup, ykdysady kanunlara laýyklykda beýleki bazarlar bilen bilelikde hereket edýär. Geçen asyryň ahyrlaryndan başlap dünýäde mahabatlandyrma bazary has-da uly ösüşlere eýe boldy, aýratynda bu ýagdaý Merkezi we Gündogar Ýewropa, Aziýa – Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlarynda mese – meläm duýuldy. Netijede, häzirki wagtda mahabat bazary dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň iň ösen bölekleriniň birine öwrüldi. Mahabat bazarynyň gatnaşyjylary – mahabat edijilerden, ony taýýarlaýanlardan, ýaýradyjylardan we sarp edijilerden ybarat. Mahabat bazarynyň ýagdaýy gönüden – göni ýurduň umumy ykdysady ýagdaýyna baglydyr. Şonuň üçin–de dünýä bazarynda ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň biri hökmünde şol ýurtda mahabata berilýän ünsüň derejesi ulanylýar.
Mahabat – ýer ýüzünde adamzat tarapyndan oýlanyp tapylan iň bir täsin we özüne çekiji gural hasaplanýar. Şonuň üçin-de ýurtlar ykdysady ösüşi üpjün etmekde, harytlaryň, hyzmatlaryň söwdasyny ýokarlandyrmakda mahabata juda uly ähmiýet berýärler. Önüm öndürijileri, hyzmatlaryny mahabat etmekde dünýä tejribesinde dürli ýeňillikler döredilýär. Dünýä ýurtlarynda giňden ulanylýan ýeňillikleriň bir görnüşi-de mahabat bilen bagly dürli salgyt ýeňillikleridir. Iň ösen görnüşi hökmünde mahabat edijilere salgyt ýeňillikleriniň berilmegi olaryň bu babatda işini ilerledip, has ýokary ykdysady netijeleri gazanmagyny üpjün edýär.
Dünýäniň mahabat bazary tä 2019-njy ýyla çenli özüniň durnukly ösüşi üpjün eder. “Zenith Optimedianyň” maglumatlaryna görä, dünýä mahabat bazarynyň 2016-njy ýylda 4,7%, 2017-nji ýylda 4,3%, 2018-nji ýylda bolsa 4,2% ösmegine garaşylýar. 2016-njy ýylda media we marketing üçin edilýän harajatlar bir trillion dollara ýeter. Mahabat işinde harajatlaryň agramly bölegi (54%) media görnüşli mahabatlara degişli bolar. Şol sanda esasy orun teleýaýlymda goýberilýän mahabatlarda degişli bolup, onuň paýy 22,6%-e barabardyr. Şeýle-de, mahabatyň 68%-i gazetlere, 425%-i žurnallara, 3,2%-i emeli mahabatlara, 2,4%-i radio, 0,1% kinoteatra, 15%-i bolsa beýleki görnüşlere degişli bolar.
Mahabatyň ilkinji çeşmeleri öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Müsür, Wawilon, Grek we Rim medeniýetlerinden mahabat görnüşli maglumaty ýaýratmak örän meşhur bolupdyr. Olar esasan hat, surat görnüşli we söz arkaly amala aşyrylypdyr. Gadymy döwrüň ilkinji mahabaty hökmünde müsür papiruslary giňden ulanylypdyr. Müsüri öwreniji alymlaryň aýtmagyna görä, maglumatlar daşlara hat ýazmak arkaly ýaýradylypdyr. Gresiýada we Rimde biziň eýýamyzdan öň mahabat habarlary ilki ýörite tagtalarda, soňra hamkagyzlarda berlipdir. Dünýä möçberinde mahabat işiniň ýaýramagy esasan çap ediji enjamynyň ýüze çykmagy we kitap önümçiliginiň çykmagy bilen has giň gerime eýe bolýar.
Öndürilýän milli önümleri halk köpçüligine tanyşdyrmak we olaryň satuwyny höweslendirmek işinde mahabat aýratyn orun degişlidir. Mahabatyň üsti bilen dürli önümleriň we hyzmatlaryň aýratynlyklary, olaryň artykmaçlyklary ýerli hem-de daşary ýurtly alyjylar köpçüligine tanyşdyrylýar. Mahabat marketingde esasy elementleriň biridir. Bazar işiniň esasy maksady bolsa harytlary, hyzmatlary ýerlemek arkaly peýda gazanmakdyr. Täjirçilik mahabatynyň tejribesi onuň mazmunyna bolan käbir umumy talaplary ýüze çykarýar.
Birinjiden, mahabat alyjylaryň belli bir toparyna gönükdirilmelidir;
Ikinjiden, mahabat edilýän haryt bazaryň talaplaryna laýyk gelmelidir we netijeli bolmalydyr;
Üçünjiden, dogruçyl bolmalydyr we hakykatdan daş düşmeli däldir;
Mahabaty alamatlary boýunça birnäçe toparlara bölmek bolar, ýagny maksatlaýyn gönükdirilişi boýunça:
Sarp edijiler mahabatynda her bir şahsyýet özüne gerekli zady alýar. Bu köpçülik üçin niýetlenendir;
Işjeň adamlar üçin niýetlenen, ýagny bu lomaý satyn alyjylar, dürli edara görnüşli taraplar üçin niýetlenendir.
Mahabatlar haýsy usulda adamlara ýetirilişine görä ýa-da nähili serişdeleriň üsti bilen ýetirilişine görä gazet, žurnal, radio, telewideniýe, köçe hereketleriniň üsti bilen, plakatlar, portretler, mahabat şitleri, asylgy ýazgylar, suratlar we başgalar bolup biler. Şeýle-de, mahabat harydyň, kärhananyň ýa-da belli bir pikiriň öňe sürülmegine baglylykda iki hilidir:
haryt mahabaty;
dereje mahabaty.
Häzirki wagtda mahabatyň esasy serişdeleri bolup, döwürleýin metbugatdaky mahabat, sorag – jogap mahabaty, radio boýunça berilýän mahabat, neşir edilýän mahabat, teleýaýlym boýunça mahabat, kino mahabaty, daşky (kiçi) mahabat, haryt mahabaty harydy hereketde görkezmek bilen utgaşdyrylýan mahabat, derejeli mahabat we beýlekiler çykyş edýär.
Söwdada ulanylýan tehniki serişdeleriň usulyna we häsiýetine baglylykda bolsa mahabatyň şu görnüşleri ulanylýar: witrina sergisi, çap edilýän, plakat grafigi, kino mahabat, radio – teleýaýlym yşyklandyryjy mahabat.
Geçirilýän ýerine baglylykda mahabaty içki bazarda ulanylýan we eksport mahabatlara bölmek bolar. Daşary ykdysady mahabatyň öz häsiýetli aýratynlygy bardyr, emma umumylykda alanyňda daşarky bazarlarda ulanylýan mahabat bilen birmeňzeşdir. Esasy bellemeli zat bolsa, eksporta iberilýän harytlary mahabat etmek işinde aýratyn talap bildirilýändir. Ol hem harytlaryň eksport edijilik ýurdunyň ykdysady, medeni we durmuş şertleriniň aýratynlyklaryna ýokary derejede uýgunlaşmagydyr.
Toýlyýewa Gülçemen
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU



