Ählimize mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan üçtaraplaýyn duşuşygynda hem Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagynyň maglumat alyş-çalşygynyň bökdençsiz amala aşyrylmagy we telekommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak çygryndan wajyplygy nygtalyp geçildi. Taslamanyň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň Ýewropa we Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň arasynda maglumat köprüsi hökmünde wajyp ornuny berkitmeklige ýardam etdi.
2020-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystanyň arasynda bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, demirýollaryň gurluşygyny mundan beýläk hem durmuşa geçirmäge itergi bermäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, daşary işler ministriniň orunbasary Päkistan Yslam Respublikasynda 2022-nji ýylyň 30-njy ýanwary – 4-nji fewraly aralygynda gulluk iş saparynda boldy. Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň we Türkmenistan – Owganystan – Päkistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamalaryny amaly taýdan durmuşa geçirmek maksady bilen, Päkistan Yslam Respublikasynyň degişli ýolbaşçylarynyň we tehniki hünärmenleriniň gatnaşmagyndaky gepleşiklere gatnaşdy.
TOPH geçelgesi: TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan) gaz geçiriji; TOP 500 (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) elektrik geçiriji; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) awtoulag ýoly; TOP (Türkmenistan-Owganystan-Päkistan) demir ýoly; TOPH gaz geçirijisiniň aýratynlyklary; TOPH geçelgesiniň merkezi taslamasy TOPH gaz geçirijisi ýaly taslamalary öz içine alýar. Taslama Owganystany, Päkistany we Hindistany türkmen tebigy gazy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýar. TOPH geçelgesi ösüşiň iki esasy bölegini herekete getirer: energiýa we arabaglanyşyk. Tebigy gaz we elektrik energiýa üpjünçiliginden daşary, TOPH arabaglanyşygy aňladýar, ol bolsa öz gezeginde harytlaryň Owganystandaky hereketini aňladýar. Bu parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmäge goşant goşýar. Bu taslama ähli ugurlarda – Merkezi Aziýa, Günorta Aziýa, Hytaýa, Russiýa we Ýewropa üstaşyr we eksport söwdasyna itergi berer.
Kerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby.