Düzüminde şekeriň mukdary köp bolsa-da erik az koloriýaly miwe hasaplanýar. Semizlikden ejir çekýänlere we ýürek-gan-damar ulgamynyň kesellerinde erik miwesi maslahat berilýär. Miwäniň düzümindäki mikroelementler ýürek kesellerine peýdaly hasaplanýar.
Erik miwesinde kaliý elementi bar bolup ol böwrekleriň işini sazlamakda zerurdyr. Bulardan başgada bu miwede beýnimiziň işjeňligi üçin zerur magniý we fosfor köp. Ünsüňi bir ýere jemlemek , nerw ulgamynyň işjeňligi hem-de ýatkeşligi artdyrmakda miwäniň peýdasy uludyr.
Erik şerbeti tebigy antebiotik hasaplanýar. Dürli infeksion kesellerde, dümewlemede, damak agyranda az-azdan erik şerbetini içseň hassalygy tiz aradan aýyrýar. Güniň dowamynda üç gezek bir stakan erik şerbetini içseňiz göwräňiz kadaly saklanýar, immuniteti ýokarlandyrýar, içgatamasyny ýok edýär.
Maksadowa Güljemal
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby