Gyzyl reňk.
Gyzyl reňki erkek adamlaryň we zenanlaryň beýnisi dürlüçe kabul edýär.
Alymlaryň aýtmagyna görä gyzyl reňki kabul etmekde X hromosomanyň düzümindäki gen jogap berýär. Zenanlaryň DNK- synyň düzüminde bu hromosomalar iki sany bolanlygy üçin olar gyzyl reňki açyk-aýdyň we her bir fazasyna çenli anyk kabul edýärler. Erkek adamlaryň DNK-synda bolsa bu hromosoma bir sany. Şonuň üçin hem olar açyk gyzyl, gyzyl we gyrmyzy reňkleri biri-birinden kän bir tapawutlandyryp bilmeýärler.
Mawy reňk.
ABŞ-nyň uniwersitetleriniň birinde alymlar dünýädäki iň söýgüli reňk haýsydygyny bilmek üçin ýygnaklar geçiripdirler. Ýygnaklar netijesinde anyklanmagyna görä köp adamlar mawy we gök reňki gowy görýän ekenler. Bu reňkler köpleriň söýgüli reňkleri bolanlygy üçin dürli maket ussalary şu maglumatlardan ajaýyp usulda peýdalanyp bilerler.
Aýdym-saz reňki.
Koliforniýa ştatynyň alymlary tarapyndan geçirilen ýygnaklaryň birinde aýdym-sazyň hem reňki bardygy orta atyldy. Bir topar adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen netijelere görä onuň hakykatdygy anyklandy. Ýagny gowy many-mazmuna eýe bolan aýdym-sazlar ynsan aňynda açyk reňkli ýatlamalar galdyrýar. Şonuň bilen bile gamgyn aýdym-sazlar ynsan aňynda doýgun reňkler görnüşini emele getirýän eken. Şu maglumatlar dürli konsertleri geçirýän toparlar agzalaryna peýda getirip biler.
Hromofobiýa.
Hromofobiýa- bu adamyň belli bir reňkden gorkmak keselidir.
Eger üns berseňiz käbir adamlar belli-bir reňke boýalan otaglarda özlerini birahat alyp barýar. Munuň ýaly ýagdaýlar diňe otagda däl eýsem belli bir reňkdäki köýnekde, gap-gaçlarda we şonuň ýaly zatlarda ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýlaryň netijesinde ruhy taýdan şikeslenme döreýär.
Hromofobiýa- birahatlyk, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly ýagdaýlar bilen geçýär.

Hammyýewa Ogulsuraý
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby