Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda basketbol oýny has köp tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Basketbol 1891-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets ştatyndaky Springfild kollejiniň bedenterbiýe mugallymy Jeýms Naismit tarapyndan oýlanyp tapyldy. Kollejiň sport zalyny janlandyrmak işi tabşyrylan Jeýms Naismit täze ýapyk binadaky oýny döredýär. Naismit tarapyndan teklip edilen oýun ilkinji günden başlap okuwçylaryň arasynda uly seslenme döretdi. Ilki basketbol toparynda 18 adam bolansoň oýunçylar iki toparda oýnap başladylar, soň bolsa her topardaky oýunçylaryň sany 7 we 5-e çenli azaldyldy.
Top sebete taşlanýandygy üçin bu oýun basketbol (,,basket’’-sebet, ,,bol’’-top) diýip atlandyryldy.
Basketbol topunyň diametri 68-73 sm, agramy 600-650 grama deň.
Basketbol oýny häzirki günde dünýä tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Garaýewa Enejan
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby

RU












