Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemal tapan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň açylyşyna uly taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli kömek-goldawlary netijesinde, bu ýerde döwrebap şäher düzümi kemala geldi. Sebitde ýeke-täk «akylly» şähere öwrüljek Arkadag şäheriniň gözel keşbi bu gün diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, halkara jemgyýetçiligiň hem ünsüni özüne çekýär.
Şäheriň döwrebap düzümini kemala getirmekde ulag-aragatnaşyk ulgamynyň netijeli işini ýola goýmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherine iş saparlaryny amala aşyryp, yzygiderli berýän tabşyryklary özüniň oňyn netijelerini görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, döwrebap şäherde elektomobilleriň hem-de elektrobuslaryň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň köňül arzuwyndan bina bolan ajaýyp şäherde döwrebap ulag düzüminiň döredilmegi raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge uly ýardam berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy esasynda, bu ýerde döwrebap demir ýol ulgamyny döretmek işi hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Arkadag şäherinden ýurdumyzyň dürli künjegine, şol sanda paýtagtymyza hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çenli demir ýollary gurmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda görkezilen taslamalara özüniň belliklerini girizmegi hem-de gymmatly maslahatlaryny bermegi döwrebap şäheriň ulag ulgamynyň işini kämil derejede ýola goýmakda aýratyn ähmiýetlidir. Ähli düzümleriň sazlaşykly işiniň döwrebap derejede alnyp barylmagy, bu ýerde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy hem-de ähli ulgamyň işine giňden ornaşdyrylmagy şäheriň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ajaýyp şäherden ýurdumyzyň çar künjüne uzajak ýollar ýüreklere ýol salyp, halkymyzyň jebisligini has-da berkider.
Azat HALMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby