Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda guwançly netijelere eýe bolunýar. Şeýle ýokary netijeleriň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gazanylýandygy döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär. Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler Garaşsyz döwletimiziň ykdysady taýdan depginli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Milli ykdysadyýetimizi häzirki döwrüň ösüşli talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmekde hormatly Prezidentimiz möhüm wezipeleri öňe sürýär. Şolaryň birem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetirmekden, elektron senagaty çalt depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde hereket edýän sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen bagly netijeli işlere badalga berýär. Sebäbi, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary depginli ösüşiň gazanylmagyna ýol açýar.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda bu kämil ugruň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, sanly ulgamdan netijeli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berlip, hünär öwredilmegini hil taýdan täze derejelere çykarmaga bähbitli şertleri döredýär. Kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim bermekde goşmaça hyzmatlaryň ýola goýulmagyna amatly mümkinçilikler peýda bolýar. Mekdebimizde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna berilýän üns barha ýokarlanyp, bu möhüm meselede giň möçberli işleriň bady artýar. Şu günki günde kämil ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy ýokary netijeleriň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ösüş-özgerişli depgini başdan geçirýän milli ykdysadyýetimizde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli özgertmeleriň netijesinde belent sepgitlere eýe bolunýar. Hormatly Prezidentimiz telekeçiligi ösdürmeklige uly üns bermek bilen, bähbitli tagallalara badalga berýär. Indi türkmen telekeçileriniň yhlas-tagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulugy döredilýär. Täze iş orunlary peýda bolýar. Şeýle tutumly işler bolsa, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini gowulandyrmakda ýadawsyz tagallalary alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, tutýan tutumlary bolsun!
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy