Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen şygar bilen Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýylymyz ajaýyp işleriň ýyly bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny, jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki ugurlaryny durnukly ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Şanly ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler Garaşsyz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
Şygaryndan mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýyl türkmen ýaşlaryna bildirilen uly ynamdyr. Bu ynam hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz tarapyndan ýaşlar hakda edilýän uly aladalar bilen berkidilýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim-terbiýe almaklaryna, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerine ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň kanunçylygy kämilleşdirilýär. Bu babatda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edip, şu Kanunda gürrüňi edilýän syýasatyň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylygy kesgitlenendir. Şu kanunçylyga laýyklykda, ýaşlaryň hukuklarynyň, erkinlikleriniň goralmagy, ýaş nesliň talaba laýyk dynç almagy üpjün edilýär. Bilşimiz ýaly, hukuk borjuň jogapkärçiliginem öňe çykarýar. Beýle diýildigi türkmen ýaşlarynyň ata Watanyň gülläp ösmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşmaga borçludyklaryny aňladýar. Diýmek, türkmen ýaşlary özlerine bildirilen ynamy ata Watana, il-günümize haýyrly, ylymly-bilimli, zähmetsöýer, halal adamlar bolup ýetişmek bilen ödemelidirler. Çünki, ýaşlar bagtyýar geljegimiziň eýeleridirler.
2023-nji ýylda Bitarap döwlet hökmünde Garaşsyz Türkmenistanymyzyň halkara abraýam täze belentliklere çykýar. Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly”, “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlygyň zolagy”, “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysaldyr.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýeňişli ýoly rowaç alýar. Bu ýylyň ähli ugurlar boýunça ösüş-özgertmeleriň ýyly bolýandygy guwandyryp, täze sepgitlere ruhlandyrýar.
Myrat Guwanjow,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

RU












