Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Bu ugurda Türkmenistan Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Bütindünýä welosiped gününiň döredilmegi hakyndaky Rezolýusiýa kabul edildi we Türkmenistan onuň başyny başlaýjy bolup çykyş etdi. Dünýäniň 56 döwleti bu Rezolýusiýanyň awtordaşy boldy. Birleşen Milletler Guramasy bu Rezolýusiýany kabul etmek bilen, jemgyýetde welosipediň ähmiýetini wagyz etmek, beden hem-de ruhy sagdynlygyň möhüm serişdesi hökmünde welosipedli ýörişleri guramak ýaly, halkara çäreleriň bileleşik tarapyndan ykrar edilýändigini we doly goldanylýandygyny tassyklady. Bütindünýä welosiped güni parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hasaplanylýan sportuň örän giň mümkinçiliklerini öz içine alýan halkara baýramçylykdyr.
Welosiped sporty bütin dünýäde giňden ýaýran, olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän sportuň has meşhur görnüşleriniň biridir. Türkmenistanda bu sportuň köpýyllyk taryhy bar. Welosportuň taryhy öz gözbaşyny 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden alyp gaýdýar. Bu jemgyýetiň döredileninden bir ýyl geçenden soň, welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär.
Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylda bolsa Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 2019 welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýöriş» geçirilip, ol Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilipdi.
Merjen AŞYROWA,
Türlmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.