The “Impact Rankings – 2023” bütindünýä ýyllyk täsir reýtinginiň bäşinji neşirinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birbada sekizsine ýer berildi. Bu sekiz sany ýokary okuw mekdepleri “Times Higher Education (THE)” iňlis guramasynyň garaşsyz halkara hünärmenleriniň ýokary bahasyna mynasyp boldular.
Bu sanawa girmek üçin 2022-nji ýylyň sentýabr-noýabr aýlarynda iberilen resminamalaryň we ýerine ýetrilen işleriň seljermesi geçirildi hem-de netijeler 2023-nji ýylyň 1-nji iýunynda yglan edildi.
“Times Higher education” guramasy ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrara edilen öňdebaryjy gurama hasap edilýär. Bu gurama iki bütindünýä reýtingi – Bütindünýä Uniwersitetleriň reýtingi (World University Ranking) hem-de Täsir etmegiň reýtingi (THE Impact Ranking) bilen Beýik Britaniýanyň Londan şäherinde binýatlanan ady belli, abraýly we garaşsyz Bütindünýä reýting guramasy hasaplanýar.
THE “Impact Rankings-2023” reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýän häzirki wagtda ýeke-täk global öndürijilikli sanawdyr. Bu sanawda ýokary okuw jaýlaryna Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan düzülip sosial ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän Durnukly ösüş maksatnamasynyň 17 maksadyna ýetmek jähtinden baha berilýär
Halkara abraýa eýe bolan The “Impact Rankings – 2023” reýting sanawyna girizilen ýurdumyzyň sekiz sany ýokary okuw mekdepleriniň arasynda biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzyň goşulmagy hem Ylymlar güniniň öňi syrasynda institutymyzyň mugallymlary we talyplary üçin guwandyryjy hoş habarlaryň biri boldy.
Bu sanawa Türkmenistanyň we dünýäniň Ýokary okuw mekdepleri Durnukly ösüşiň 11 maksadyny “Bilimiň hilini”, “Elýeterli we arassa energiýa’, “Senagat innowasiýalary we infrastrukturany”, “Açlygy aradan aýyrmagy”, “Jyns deňligi”, “Gury ýeriň ekoulgamlaryny gorap saklamagy”, “Sagly we abadançylygy”, “Arassa suw we arassaçylygy”, “Mynasyp iş we ykdysady ösüşi”, “Durnukly şäherler we ilatly ýerleri” we “Maksatlara ýetmek üçin hyzmatdaşlygy” durmuşa geçirmekde netijeli işleri geçirendigi üçin girizildi. Bu sanawa girmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň her biri dört maksada şol sanda DÖM 17-ä gatnaşygyny görkezdi. 2023-nji ýylda “THE Impact Rankings” reýtingine dünýäniň 112 ýurdundan takmynan 1600 –e golaý ýokary okuw mekdebi gatnaşdy. Bu Reýting oňa gatnaşýanlara DÖM-lere ýetmekde ýokary ösüş görkezmäge , täze usullary ornaşdyrmaga we bu ugurdaky çäreleri netijeleri gowulandyrmaga, täze ylmy açyşlary amala aşyrmaga, bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barmaga, guramaçylara ýokary okuw jaýynda alyp barýan işleri boýunça açyk we aýdyň subutnamalary bermäge höweslendirýär.
Biziň ýokary okuw jaýymyzda hem dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň reýtingine girmek üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Institutymyz bilim almak, alnan bilimleri has-da kämilleşdirmek, täze ylmy açyşlary etmek, daşky gurşawy we ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, institutda berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak ugrunda yzygiderli iş çärelerini, ylmy-amaly maslahatlary, guramaçylyk işlerini yzygiderli geçirýär. Bu bolsa talyplarda we mugallymlarda işlemäge we okamaga ylym bilen yzygiderli meşgullanmana itergi berýär. Bu işleriň ählisi bolsa ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, milli bilim ulgamyny dünýä ülňüleriniň derejesine çykarmak we ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girizmek boýunça döwletimiziň esasy meseleleriniň biriniň çözülmegine goşant goşýar.
Aýnabat Kerimowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy
Gurbanjemal Abdyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby