Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” diýen hormatly adyň eýesi, halypa nakgaş Baýrm Hojammaýewiň ömür ýoly we onuň käbir eserleri bilen gysgaça tanyşmak örän gyzyklydyr. Suratkeş  1947-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Akybaý obasynda eneden dogulýar. Kär biliminiň esaslaryny Baýram Hojammaýew Aşgabatdaky Şota Rustaweli adyndaky türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde 1962-1967-nji ýyllarda ele alýar. Soňra ol bilimini  Moskwadaky W. I. Surikow adyndaky çeperçilik institutynda dowam edip, 1967-1973-nji ýyllar aralygynda monumental suratkeşi Ýuriý Konstantinowiç Korolýowdan bilim alypdyr.

Türkmen tebigatynyň ene topragynyň gözelligini, mähribanlygyny ussatlyk bilen wasp eden milli nakgaş, suratkeş Baýram Hojammaýewiň  döredijilik ýoly aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol Mary suratkeşleriniň iň uly halypa suratkeşleri hökümünde öňe çykarmak bolar. Onuň eserleriň arasyndan has-da tapawutlanýan işleriniň biri “Murgap” (2010) atly eseridir. Suratkeş bu işinde tebigatyň gözelligini, Murgap derýasynyň asuda akyp duran pursadyny görkezýär. Murgap derýasynyň boýunda boýlap ösüp oturan gamyşlary, gür baglary suratlandyrypdyr. Bu eseri suratkeş 2010-njy ýylda kendiriň ýüzünde ýagly reňkleriň kömegi bilen ýerine ýetiripdir. Bu ajaýyp sungat eseri ululygy boýunça 100×80 santimetrdir. Suratkeş öz döredijiliginde köp eserlerini deňiz, derýalar bilen baglanyşdyrýar. Ol suwy, deňiz-derýalary parahat, asuda, hakyky häsiýetde görkezmegi halapdyr. Onuň bu işinde hem şol häsiýetleri görüp bilýäris. Eseriň taslama gurluşynda, suratkeşiň gözüne görünýän ähli zady jikme-jik şekillendirilendigini, baglaryň kölegeleriniň ýiti reňkler bermeklik arkaly suwuň üsti bilen görkezýär. Kölegäniň üsti bilen tebigatyň gözelligi, bezegliligi kendire siňdirilýär. Bu eseri nakgaş suratkeş agraslyk hem-de asudalyk bilen alyp çykýar. Baýram Hojammaýew eserinde köp reňkleri öz ýerinde ulanmagy başarypdyr. Eser realizm akymynyň täsirinde ýerine ýetirilip, ýyly we sowuk reňkleri garyşdyryp, eseri has hem labyzly edýär. Suratkeş eseri ähli tarapdan ritmiki oýnadýar. Eseri deň ikä böleniňde deňagramlylykda şekillendiripdir. Onuň öňe sürýän pikiri-tümlükden ýagtylyga bolan çykyş, bagtly durmuşa, parahat we abadan mekana tarap giňden ýol açýar. Ussadyň eserleriniň haýsydyr-birini, orta alyp synlasaň süňňüň bilen türkmen topragyna bolan söýgüsini duýýarsyň.

Baýram Hojammaýew döredijiligini synlanyňda onuň ussatlyk derejesini görmek bolýar. Suratkeşiň her bir döreden işinde döredijilik taýdan ýokary ösüşiň alamatlary duýulýar. Onuň ýene bir taslama işi “Ýaz” (2010)  (1-nji surat) ölçegde bolup, bu eserini kendir we ýagly reňkler bilen ýerine ýetirip türkmen sährasyndaky gözelligini, haýwanlary, çöl ösümliklerini görkezýär. Eser ýyly reňklerde ýerine ýetirilip, öňki meýilnamada gyzyl, sary gülleriň arasynda ösen keýikokarany we jerenleri ýaşyl, sary, goňur reňkleriň sazlaşygy bilen ugtaşdyrýar.  Gadymýetden  bäri türkmen aga fewralyň aýagyny gyşyň gutardygy hasaplaýar. “Togsan dolup ýere ýyly gidende” tebigat üýtgeýär. Ota-çöpe jan girýär. Uly-kiçiniň kalby ýaşarýar, juwanlaşýar. Ýaz pasly gelende durmuş gaýtadan başlanýar. Ekin ekilýär, owlak-guzy köpelýär.

Nakgaş suratkeşiň ýene-de gözel işleriniň biri hem “Soňydagy” atly eseridir. Ussat suratkeş bu eserini 2010-njy ýylda kendiriň ýüzüne ýagly boýaglaryň kömegi 62×87 santimetr ululykda ýerine ýetirýär. Ussat halypa Balkan welaýatynda ýerleşýän “Soňydagy” atly dagy we arassa asmany ýyly reňkiň kömegi bilen işläpdir. Suratkeş bu eserinde tebigatyň bahar paslyndaky gözelligini sungat muşdagyna ýetirýär.  Eseriň merkezinde gül-gülälekler bilen sazlaşýan köli suratlandyrýar. Bu işiň birinji meýilnamasy has ýagtylandyrylan, esasan hem açyk sary, gyzyl, açyk ýaşyl reňkleri gülleriň, gyrymsy baglaryň, ösümlikleriň üsti bilen görkezýär. Merkezde kölüň suwy açyk gökden goýy göge çenli reňkler bilen janlandyrylyp, aňyrlygyna gök maýsalaryň kömegi bilen ümürli pessaý dagy çeper beýan edýär. Suratkeş dagyň üstündäki we howadaky ümüri tutup görkezýär. Ümürli dagyň arkasyndan asmanda ýaňy dogup barýan şapagy sary, gyzyl, goýy goňur reňkleriň üsti bilen tomaşaça ýetirýär. Eserde suratkeş hereketliligi ösümlikleriň, dagyň kertleriniň, asmandaky ümürli bulutlaryň üsti bilen bermegi başarýar.

Baýram Hojammaýewiň “Dag görnüşi” atly işi has ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Suratkeş bu işini 2010-njy ýylda kendiriň ýüzüne ýagly boýaglaryň kömegi bilen ýerine ýetiripdir. Suratkeş bu eserinde daglaryň üç görnüşini çeperçilik tarapdan onuň tebigy gözelligini tomaşaça açyp görkezýär. Dagyň birinji görnüşinde  ýaşyl otlar bilen gurşalan baýry, ikinji görnüşinde goýy gyzyl, melewşe, açyk sary öwüşgindäki görnüşini we soňky üçünji görnüşinde bolsa ümür bilen örtülen açyk gök we mawy reňkli beýik dagy asman bilen ýitip gitýän görnüşde şekillendirýär. Türkmen topragyndaky daglaryň gudratlydygyny, olaryň tebigy baýlyklara we köp öwüşginli reňklere baýdygyny açyp görkezýär. Suratkeşiň beýleki peýzaž eserlerinde bolşy ýaly, onuň bu işinde-de asmandaky buludy we dagyň ýüzündäki ümüri görmek bolýar.

  1. Hojammaýewiň “Çöl gözelligi” (2011), (2-nji surat) atly işinde çöl ösümliklerini we haýwanat dünýäsini suratlandyrýar. Bu işde öňki meýilnamada jeren we çölüň içinden gitýan ýoly görýäris. Ondan aňarda bolsa çöl ösümliklerini hem-de has aňardan orta asyr taryhy ýadygärliginiň daşdan görünýän toplumyny görüp bilýäris. Eserde açyk sary, ýaşyl, köp derejede açyk we goýy gök reňkleri üsti bilen ýagyşdan soňky pursady şekillendirilýär. Arassa howa, bulutlaryň toplumy çöl dünýäsiniň asudalygy tomaşaçynyň ruhuny göterýär.

Şeýle häsiýetdäki eserleriň hataryna “Gala” (2012) (120×100) (3-nji surat) atly peýzaž eserini mysal getirmek bolar. Bu işde galanyň golaýynda akyp gelýän ýap we onuň töweregi  suratlandyrylýar. Suratkeşiň maksady bu işinde galanyň gadymy diwarlaryny görkezmegi hem-de onuň gadymylygyny onuň töweregindäki janly tebigaty suratlandyrýar.  Eserde ulanylan gyzyl, sary, goýy goňur reňkler türkmen halkynyň milliligini, topragynyň ýylylygyny aňladýar.

Hydyr gezen gözel diýarymyzy reňk üsti bilen beýan edip  halk köpçüligine ýetirýän nakgaşçy suratkeş  B. Hojammaýewiň “Deňiz, täze gün” (2009-2010), atly eserinde türkmen topragyna bolan söýgüsini görmek bolýar. Nakgaşçy suratkeş öz döredijilik ugrunda işlän döwründe tebigatyň dürli ugurlary bilen işläp asman zemin aralygynda bar bolan ähli şekilleri ýerleşdirip dürli reňkleriň üsti bilen ähli zatlary ap-aýdyň görkezmegi maksat edinýär. Şol meseleleri  “Deňiz, täze gün” atly eserinde daşlaryň arasyndan gelýän deňiziň joşgunly suw tolkunlaryny we dogup gelýän täze günüň şöhlesini has baý koloritli we göwrümli eseriniň üsti bilen beýan edýär. Ol özüniň bu eserinde asmany arassa açyk gök, melewşe, gülgüne, goýy sary reňkler  bilen utgaşýan buludy deňiziň gözelligi bilen baglanyşdyryp alýar. Suratkeş bu eserinde gözýetime siňip gidýän deňiziň ajaýyp keşbini suratlandyrýar. Deňziň asuda ýagdaýy adamda rahatlyk duýgusyny boldan eçilýär. Deňziň asudalygy, toplanan bulutlaryň aňarsyndan dogup gelýän günüň ýiti şöhlesi deňizi göni kesýän ýaly duýgyny döredýär. Suwuň tolkunlary, kenarda ýatan ululy-kiçili daşlar parahat  ritmiki hereketi döredýär.  Umuman nakgaşyň ähli peýzaž eserlerinde gözel tebigatymyzyň gözelligi we asudalygy mynasyp ornuny tapýar.

Göwher Saparmyradowa,

Selbi Durdylyýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy