Ýokary bilim  ojagymyz  bolan Türkmen oba hojalyk institutymyz  bu günki günde özüniň ýeten derejeleri bilen  Ýokary görkezijili  THE ,, Impact Rankings 2023 “ dünýä reýtinginden orun aldy.

Bu  dünýä reýtinginde  diňe bir biziň institutymyz  däl eýsem ýurdumyzyň  jemi sekiz ýokary okuw mekdebi  ynamly orun aldy.

2022-nji ýylyň  sentýabr-noýabr aýlarynda  iberilen  resminamalaryň we ýerine ýetirilen işleriň seljermesi geçirilip, netijeleri  2023-nji ýylyň  1-nji iýunynda yglan edildi.

,, Times Higher Education “ guramasy ýokary  bilim ulgamynda  reýtingleri geçirmek  boýunça  ykrar edilen  dünýä belli hem -de  öňdebaryjy gurama hasaplanýar.  Bu gurama  Bütindünýä  reýtingi- Bütindünýä Uniwersitetleriň reýtingi  ( World  Uniwersity Ranking ) hem-de  Täsir etmegiň reýtingi  (The Impact Ranking) bilen Beýik Britaniýanyň paýtagty London şäherinde binýatly dünýä belli, abraýly we Garaşsyz Bütindünýä reýting  guramasy  hasaplanýar.

         Oguljeren POTYKOWA,

   Türkmen oba hojalyk institutynyň  Agronomçylyk fakultetiniň  4-nji ýyl talyby.