Taryhy geçmişiň şaýady hem-de biziň işlerimiziň hazynasy hökmünde kabul etmek bolýar.
Serwantez
Saglyk ýaly dost, hassalyk ýaly duşman bolup bilmez.
Hindi nakyly
Kitap okaman, hakyky we çuň bilim alyp bolmaz.
A.Gersen
Adamda hyjuw bolmasa bilýäni derde ýaramaz.
Gýote
Ýagşylygy ynsan ynsandan öwrenýär.
Ç.Aýtmatow
Düşünýärin diýmek men ýaşaýaryn diýmekdir.
R.Dekart
Men menlik dostlugyň duşmanydyr.
O.D. Balzak
Islendik adamy okaýan kitaplaryna seredip tanap bolýar.
E.Labule
Akylly adam özüne ýaramajak hereketleri etmekden saklanar.
Molýer
Diňe arzuw etmek ýeterlik däldir, ony hasyl etmek üçin zähmet çekmeli.
Gerodot
Çagasyna kiçi zatlardan lezzet almagy öwden adam oňa uly baýlygy miras galdyrar.
Gilson
Toplan: Mähri MUMINOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.