Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, başlangyç we orta hünär mekdepleriniň, sungat mekdepleriniň, saglyk öýleriniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, beýleki hassahanalaryň, Ruhyýet köşgüniň, medeniýet öýüniň, drama teatrynyň, kitaphananyň, sirkiň, muzeýiň, seýilgähleriň, söwda we dynç alyş merkezleriniň, beýleki hyzmat edaralarynyň gurulmagy halkymyzyň bolelin, bagtyýar, asuda durmuşyny alamatlandyrýar. Türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň, häzirki zaman sport toplumlarynyň, Ylmy-önümçilik merkeziniň gurulmagy ilatymyzyň, ylaýta-da, ýaşlaryň sport hem-de ylym bilen meşgullanmaklary üçin şert döredip, olaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerinde örän ähmiýetlidir.
Mundan başga-da, Maliýe we ykdysadyýet toplumynyň bölümi, Merkezi bankyň, «Daýhanbank», «Türkmenistan», «Halkbank» we «Senagat» täjirçilik banklarynyň şahamçalary, raýatlaryň medeniýetli dynç almagy üçin bagy-bossanlyga bürenen, milli ruhda bezelen seýilgäh toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri täze şäheriň ilatyna hyzmat eder.
Döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylýan «akylly» şäherde dolandyryş, işewürlik, durmuş, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň döredilmegi täze iş orunlarynyň açylmagyny, ilatyň iş bilen üpjünçiligini has gowulandyrmagy göz öňünde tutýar. Arkadag şäheriniň tebigy gözelligini saklap galmak maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly we intellektual ulgamlary ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketini ýola goýmak maksady bilen, şäherde elektromobilleriň gatnawyny üpjün edilip, awtoulaglary goýmak üçin niýetlenen «akylly» awtoduralgalar guruldy. Guwandyryjy tarapy, Arkadag şäherinde elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin hem uly täzelikdir, oňyn innowasion başlangyçdyr. Şeýle-de yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylandygy, ulgamda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň — Gün we ýel batareýalarynyň ornaşdyrylandygy Arkadag şäheriniň häsiýetli aýratynlyklarynyň hataryndadyr. Bularyň ählisi şäheriň howasynyň arassa bolmagyna möhüm orun eýeleýär.
Ulag ýollarynda gurlan awtobus duralgalarynyň, dürli maksatly desgalaryň golaýynda bina edilmegi, açyk we ýapyk görnüşli awtomobil duralgalarynyň, şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň işleýiş düzgünleri bilen baglanyşykly durmuşa geçirilen taslamalar hem bellenilmäge mynasypdyr. Olar özboluşlylygy bilen ünsi çekýär. Şunda Arkadag şäheriniň çäginde «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnandygyna has anyk göz ýetirmek bolýar. Bu konsepsiýanyň esasy ugry bolsa bina edilýän desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdeleriň ulanylmagyndan we ýokary ekologik derejäni üpjün etmekden ybaratdyr. Şäheriň çäklerinde ýerine ýetirilen ähli işlerde şu ýörelgeleriň üpjün edilendigi diýseň buýsandyryjydyr.
Halbibi Satlykowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.