Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgamyň işiniň tertibini kadalaşdyrýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen işler bu babatdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Önümçilik gatnaşyklarynyň, hyzmatlar ulgamynyň ösmegi, tehnologik ilerlemäniň has-da ýokary depgini, täze şertleriň döremegi hil taýdan kämil sanly ösüşi üpjün edýär. Muňa mysal hökmünde sanly dolandyryşy görkezmek bolar. Pudaklary sanlylaşdyrmagyň açary hökmünde kärhanalary elektron-hasaplaýjy maşynlar bilen enjamlaşdyrmak, hasaplaýyş merkezlerini bir bitewi milli tor ulgamyna birleşdirmek, pudaklary dolandyrmagy awtomatlaşdyrmak, hasaplaýyş tehnikalarynyň ähli serişdelerini kuwwatly merkezleriň bir bitewi umumy tor ulgamynda jemlemek ýaly ugurlary mysaldyr. Okgunly ösýän sanly tehnologiýalar hojalygy alyp barmagyň adaty görnüşleriniň we usullarynyň üýtgemegini şertlendirýär. Ýaşlaryň sanly ykdysadyýet baradaky esasy düşünjeleri sanly özgertmeleri we sanly gurallary ornaşdyrmagyň ähmiýeti, programma üpjünçiligi, maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlyk baradaky bilimlerini artdyrmaga, gözýetimlerini has-da giňeltmäge ýardam berýär. Şeýle çemeleşme ýaş nesliň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýetini şertlendirýär. Milli bilim ulgamyna okatmagyň innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak talyplaryň häzirki zamanyň möhüm meselesi bolan ýaş hünärmenleri sanly ykdysadyýet şertlerinde işlemäge taýýarlamakda möhüm wezipeleriň biridir. Sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalary ulanmagyň esasynda ýüze çykýan ykdysady, durmuş we medeni gatnaşyklaryň ulgamy bolup, ol sanly we telekommunikasiýalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýet şertlerinde ýaşlaryň bu babatdaky ukyplarynyň, bilimleriniň çuňňur bolmagy üçin ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň amalyýetdäki tejribe bilen sazlaşykly alnyp barylmagy derwaýys bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli bolmaklygy babatda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan bagtyýar ýaşlar ylym-bilim alyp, kämil hünärmenler bolup mähriban Watanymyzyň at-abraýyny has hem artdyrmakda özlerine bildirilýän ynamy doly ödeýärler. Munuň özi, geljekde sanly ykdysadyýet ulgamynyň kämilleşmegine düýpli itergi berer.

Saparmuhammedow Nowruz
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby