Bu günki günde  ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde dünýä belli ýurda öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.

XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.

Sanly ykdysadyýet — durnukly ösüşiň baş şerti. Bu döwürde innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama kabul edilen gününden bäri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleriň ýüze çykmagynda — ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artyp, eksport mümkinçilikleriniň has-da netijeli ösmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek işiniň netijeleri dürli ugurlaryň işiniň ilerlemegine uly täsir etdi. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy degişli ugurda tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigini göz öňünde tutsak, onda ol bilim ulgamynyň hem ugurdaşlykda sanlylaşdyrylmagyna itergi berdi. Munuň özi «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmeklige, ilatyň aň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklyga we olary ykdysady ösüşi gazanmak üçin gönükdirmäge täze şertleri döretdi. Degişli ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ählitaraplaýyn kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça Aşgabatda we ähli welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin 10 million amerikan dollarynyň goýberilendigini belläp geçdi. Sanly ulgamy ösdürmeklik maglumat alyş-çalşygynyň hem sanlylaşdyrylmagyny talap edýär. Şu jähetden, ýurdumyzda sanly maglumat giňişligi döredildi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ilat üçin elýeterliligi üpjün edildi, döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda täze internet saýtlary açyldy, şeýle hem mahabatlandyrma has-da ösdi. Bu babatda gazanylan üstünlikler bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny doly äşgär etdi. Önümçiligiň güýji innowasion tehnologiýalara bagly bolup durýar. Diýmek, Diýarymyzda sanly reformanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý eksport kuwwatlyklarymyzyň artmagynda we importa bolan islegiň peselmeginde aýdyň duýuldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýeti ösdürmäge hasda uly üns berilýär.  Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň gelejekde ýurdumyzda  mundan hem ýokary derejelere ýetjekdigine şaýatlyk edýär.

Gurban BEGALYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistutym mugallymy