Palma rafiýa.

Palma rafiýa iň uly ýaprakly ösümlik. Onuň ýapragy birnäçe metr uzynlyga çenli ösüp bilýär. Palmanyň boýy bolsa 16-18 metre ýetýär.

Mydam ýaşyl serwi.

Mydam ýaşyl serwi dünýäde iň beýik agaç hasaplanýar. Sebäbi onuň boýy ortaça 90-100 metre ýetýär.  Mundan başgada, ABŞ- nyň  Koliforniýa ştatynda belentligi 117 metre ýetýän Mydam ýaşyl serwi agajy hasaba alyndy. Bu beýik serwi agajy  Koliforniýa ştatynyň nyşany hasaplanýar.

Punarnawa- hindi ýaşaýjylary bu ösümligi gündelik ýagdaýda ulanýan bolsalar, diýmek onuň peýdasy uly bolsa gerek. Ösümlik özboluşly daşky keşbe eýe. Ýabany tebigatda ösýän bu ösümligi lukmançylykda, örän ähmiýetli dermanlyk ösümlik hasaplaýarlar. Howanyň ýagyşly çagy onuň boýy 2 metre, ini bolsa 8 santimetre ýetýär. Punarnawa güli bedendäki hapalary ýuwýar. Hindi lukmanlary bu gülüň adam bedenini ýaşartmakdaky ýaramlylygynyň uludygyny aýdýarlar. Şeýle-de berhiz saklaýan adamlar üçin örän täsirlidir. Bu dermanlyk ösümlik bezeg üçin hem dünýäniň köp ýurtlarynda ulanylýar.

Ataýew Yakub,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.