Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe türkmen bedewiniň şan-şöhraty, meşhurlygy bütin dünýäde arşa göterilýär, dabaralanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýyndam bedewlere bolan garaýşy, atlara goýýan sarpasy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap atçylyk-sport toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, olarda ýazky we güýzki möwsümlerde at çapyşyklarynyň geçirilmegi, welaýatymyzyň çäginde atlar üçin karantin merkeziniň bina edilmegi aýratyn guwandyryjy hakykatdyr.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän bedewlerine gadyr goýmak däplerine eýermek bilen, ahalteke bedewleriniň, türkmen atşynaslarynyň we çapyksuwarlarynyň dünýädäki şöhratyny belende götermek babatda uly tagallalar edýär.  Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny okanymyzda hem bu hakykata göz ýetirýäris. Bu ganatly kitaplarda halkymyzyň baýlygy, köňül buýsanjy we milli mirasy hökmünde uly ähmiýete eýe bolan bedewlerimiziň geçmişdäki şan-şöhraty, täze taryhy döwürde atçylyk pudagyny ösdürmek babatyndaky tagallalar, şeýle-de ahalteke atlarymyz hakda gyzykly maglumatlar beýan edilýär.

Ahalteke bedewi halkymyzyň buýsanjydyr. Munuň şeýledigine her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýän Bedew baýramy hem şaýatlyk edýär.

Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewlerini kemala getirmekleri, adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak sowgatdyr. Pederlerimiz ýüzýyllyklaryň dowamynda diňe bir gözelligine taý gelmejek behişdi aty kemala getirmän, eýsem, olarda ynamdar dost, wepalylyk, namyslylyk, mertlik ýaly häsiýetleri-de terbiýelemegi başarypdyrlar.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
 Suraý Gurbanowa