Ene topragymyz bolan türkmen topragymyzyň özboluşly tebigaty bar. Watanymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsi, daglardyr, çölleri hem görenleri haýrana salýar.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ekologiýa abadançylygyna, tebigatyň gözelligine uly ähmiýet berilýär. Adamzat we tebigat öňden bäri aýrylmaz baglanyşyklydyr. Adamlaryň sagdynlygy belli bir derejede tebigatyň arassalygyna baglydyr. Daş-töweregi gurşap alan tebigaty, onuň baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak adamzadyň öňündäki möhüm meseleleriň biridir. Şonuň üçin daş-töweregimizi gorap saklamaga mynasyp goşant goşmak hem mukaddes borçdur.

Ynsan durmuşdaky ähli zerurlyklaryny, ilkinji nobatda, tebigatdan alýar. Şu nukdaýnazardan tebigat ýaşaýşyň gönezligi, çeşmesi, gözbaşy bolup durýar. Halkymyz ýere, suwa, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly çemeleşmek arkaly, tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň asylly ýörelgelerini kemala getiripdir.

Ata-babalarymyzyň asylly däbiniň dowamy hökmünde, häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda gök zolaklar döredilýär. Bag ekmek ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň özboluşly innowasion usuly hökmünde kabul edilendir. Şol bir wagtda hem bu asylly çäre geljekki arassa howa şertlerini üpjün etmegiň girewi hökmünde aýratyn uly ähmiýete eýedir. Bu iş tebigatyň ilkibaşdaky deňagramlylygyny dikeltmäge, durnukly saklamaga gönükdirilendigi bilen hem wajypdyr. Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda tebigata aýawly çemeleşilýär. Ýerden suwdan aýawly peýdalanylýar. Bu bolsa Ata Watanymyzyň tebigatyna uly üns berilýändiginden nyşandyr.

Myradowa Arzuw
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 115-nji toparynyň talyby