Gahryman Arkadagymyz ,, Paýhas çeşmesi “ kitabynda , bilim barada :
Bilim bilen hikmet – altyndan gymmat.
Bilimli ölmez, bilimsiz gülmez.
Bilimli- uçar, bilimsiz gaçar.
Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.
ýaly sözleriň üsti bilen bilimiň ynsana edýän ruhy täsiri , terbiýeçilik ähmiýeti barada belläp geçýär. Gadymdan bäri türkmen halky hemişe ylym- bilimiň gözleginde bolupdyrlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan düýpli özgertmeler uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgam barha rowaçlanýar.

Umumybilim berýän orta mekdepler ylmyň soňky gazanan tehnologiýalary we tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Multimediýa tagtalarynyň ornaşdyrylmagy, internet ulgamyndan peýdalanylmagy okuwçylaryň gözýetiminiň has-da giňemegine ýardam edýär. Sapaklarda elektron serişdeleriň ulanylmagy okuwçylaryň giň möçberli maglumatlary kabul etmegine mümkinçilik berýär. Şeýle-de okuwçylar elektron kitaplardan, binýatlyk maglumatlardan peýdalanýarlar. Bu bolsa çagalaryň okuwa, bilime bolan höwesini has-da artdyrýar.

Serdar BAKGALOW,

Türkmen Döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby.