“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda kalplary buýsanja besleýän taryhy wakalar mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň, ýeňişler bilen şöhratlanýan berkarar döwletimiziň oňyn ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup älem-jahana ýaň salýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň beýik ösüşlerini beýan edýän döwrebap Arkadag şäheriniň açylmagy ähli watandaşlarymyzyň köňül kelamyna, ýürek buýsanjyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlar hökmünde hakydalarda müdimilik galar. Şeýle-de “Arkadag şäheri — geljegiň şäheri” atly täze kitabyň çapdan çykmagy ähli watandaşlarymyzy begendirdi. Bu täze kitapda döwrümiziň döwrebap keşbi, kämilligiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ajaýyplygy, ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň tejribelerini bir ýere jemleýän, ahalteke bedewlerini dünýä beren türkmen topragynyň bu sebiti hakynda giňden beýan edilýär. Bu täze kitap şäher gurmagyň täze milli nusgalaryny dünýä ýaýmakda nusgalyk gollanmadyr. Onda Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar, täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary şöhlelendirilýär. Munuň özi her bir ynsanda bu ajaýyp Arkadag şäheriniň kalplara baky bagty, egsilmejek buýsanjy peşgeş edýändigini alamatlandyrýar. Arkadag şäheri ynsan paýhasy bilen bina bolan hakyky gudratdyr, ol bagtyýarlygyň, kämilligiň şäheridir, gaýtalanmajak sungat eseridir. Bu döwrebap şäher mähriban halkymyzyň ak geljege bolan ynamly gadamlarynyň, günsaýyn gazanylýan beýik ösüşdir özgerişleriň, abadan hem bagtyýar durmuşyň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen täze şäheriň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň halkaragüwänamalarynyň ençemesine mynasyp bolmagy Arkadag şäheriniň diňe bir sebitde däl eýsem, dünýäde nusgalyk şäherdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Bagtyýar eýýamda türkmen halkymyza şeýle asuda hem abadan ýaşaýşy peşgeş beren, halkymyzy beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimizetüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyby.