Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gojaman Köpetdagy etekläp oturantürkmen topragynda bina edilen Arkadag şäherieziz ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edip, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygyna, ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň toplumlaýyn ýagdaýdadöwrebaplaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu döwrebap şäherde Türkmenistan ýurdumyzyň täzetaryhy eýýamda ýeten belent sepgitleri, ýeňişli menzilleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu täzeşäheriň gurluşygynda binagärligiň we şähergurluşygynyň öňdebaryjy usullary, “akylly” şäherkonsepsiýasynyň kadalary, “ýaşyl” tehnologiýalarişjeň ulanylmagy Arkadag şäheriniň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezineöwrülmeginiň kepilnamasy bolup çykyş edýär. Bu “akylly” şäheriň halkara ülňülerine kybap gelmegi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Döwrebap şäheriň gurluşyk taslamalary we onuň akylly ulgamlarynyň programmalary işlenip taýýarlanylanda bu işlere ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bagtyýar talypýaşlarynyň we ýaş hünärmenleriň işjeň çekilendigi hem aýratyn bellärliklidir. Munuň özi häzirki döwürde ýaşlara diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere gatnaşmak we ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilendigini äşgär edýär. Bu bina edilen Arkadag şäheri ýokary hilli we özboluşly keşbe eýe bolup, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň, külli türkmen halkynyň abraý-mertebesini tutuş dünýä ýüzünde arşa göterengymmatly mirasdyr. Bagtyýar zamanada “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda häzirki ösen tehnologiýalaryň kämilleşmeginde ýurdumyzda amala aşyrylýan bedew batly ösüşler, beýik işler, gazanylýan ajaýyp üstünlikler, agzybir we bagtyýar halkymyza ýagty geljegiň garaşýanlygynyň girewidir.
Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bu döwrebap şäheriň ajaýyp binagärlik keşbinde ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri, şöhraty dünýä dolan milli mirasymyz, milliligimiz, milli gymmatlyklarymyz, medeni däp-dessurlarymyzaýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň täze tapgyrynda ata Watanymyzy özgerişlere beslemekde, binagärlik ulgamyny ýokary derejä çykarmakda, asuda hem abadan durmuşda ýaşamak üçin oňaýly şertler bilen doly üpjün edilen döwrebap obadyr-şäherleri gurmakda we olarda kämil tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda amala aşyrylýan işler mähriban raýatlarymyzy çäksiz buýsanja besleýär. Bu zatlaryň ählisi asylly maksatlaryň, belent başlangyçlaryň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda kemal tapýandygyny äşgär edýär. Şeýle asylly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetiniň talyby.