Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howsuzlygyny berkitmek, ilatymyzy özümizde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça alynyp barylýan işler barha rowaç alýar.
Ýurdumyzda däneli ekinler, şol sanda bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilişine, onuň ideg işlerine aýratyn üns berilýär.
Bu günki günde türkmen daýhanlary, ýer eýeleri aýratyn üns-alada bilen gurşalandyr. Oba zähmetkeşleriniň ene ýere yhlas siňdirip bol bereketli hasyl ýetişdirmegi üçin döwlet tarapyndan ähli goldow hemaýatlar berilýär , olar dökün, tehnika, tohum, suw bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Oba hojalyk işleri üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarydyr önüm öndürijilerinden ýurdumyza zerur bolan häzirki zaman tehnikalary, şol sanda däne ýygnaýan ,, John Deere” , ,, CLAAS “ kysymly kuwwatly kombaýynlar yzygiderli satyn alynyp, daýhanlaryň ygtyýaryna berilýär. Şonuň bilen baglylykda , daýhanlaryň yhlasly zähmet çekmegi hem-de medeniýetli dynç almagy üçin amatly şertler döredilýär. Orak möwsüminde sungat ussatlarynyň zähmetkeşleriň arasynda guraýan medeni çäreleri ekerançylyk meýdanlaryny toý-şagalaňly mesgene öwürýär, gallaçylary joşgunly zähmete ruhlandyrýar.
Bu gün ata-babalarymyzyň daýhançylyk däplerini ylmyň gazanan häzirki zaman tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek , sahawatly türkmen topragyndan bugdaýyň bol hasylyny öndürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler oba hojalygynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle tutumly işleriň sakasynda durmak bilen, daýhanlarymyzyň päk we halal zähmetiniň hözürini görüp ýaşamagy ugrunda uly tagalla edýän Prezidentimiziň jany sag bolsun, döwletli başlangyçlary has-da rowaç alsyn!

Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.