Ulanylýan dökünleriń täsrinde oba hojalyk ekinleriniń dińe bir hasyly artman eýsem däneli we kösükli ekinlerde beloklaryń, kartoşkada krahmalyń, gant şugundyrynda, miweli agaçlarda we bakja ekinlerinde gandyń, gök ekinlerde ýokumly maddalaryń we witaminleriń, ýag saklaýan ekinlerde ýaglaryń, dermanlyk ekinlerde alkoloidleriń, dürli dermanlyk maddalaryń, gowaçada pagtanyń süýüm çykymynyń we ýagyń mukdarynyń artýandygy we hiliniń gowulanýandygy hünärmenlere mälimdir. Oba hojalyk ekinlerinde dökünleriñ ullanmagynyñ ýokary netijeliligi öñi bilen olaryñ dökülmeli mukdarynyñ we dürli dökünleriñ mukdar gatnasygynyñ dogry kesgitlenmegine baglydyr.
Dökünleriñ mukdaryny dogry kesgitlemek üçin oba hojalyk ekinleriniń her biriniń biologiki aýratynlyklarynyń, olardan garaşylýan hasylyń meýilnamalaşdyrylan möçberini, ekinleriń toprakdan we dökünlerden iýmit maddalaryny özleşdiriş derejesini hem-de topragyń agrohimiki häsiýetlerini göz öńünde tutmaly. Bu meselede dökünler talaba laýyk daşamagyń we saklamagyñ hem möhümdigini ünsden düşürmeli däldir.
Mineral dökünler. Ekerançylykda giňden ulanylýan mineral dökünleri dökün zawodlarynda öndürýärler. Olaryň düzüminde ösümlikler üçin zerur bolan mineral görnüşdäki iýmit elementlerini saklaýarlar. Olardan has giňden ulanylýanlaryna N(azot), P(fosfor), we K(kaliý) dökünleri degişlidir.
Ýurdumyzyň ekerançylygynda ulanylýan esasy kaliý dökünlerine hlorly kaliý (KCl) degişlidir. Dökünleri ulanmagyň düzgünleri işlenip düzülende öňi bilen onuň ykdysady netijeliligi we ekologiki taýdan ygtybarlylygy nazara alynmalydyr. Şoňa görä-de dökünleri ylmy esasda ýerleri toprak – howa şertlerini, ösümlikleriň görnüşleriniň, onuň her bir sortunyň (nusgasynyň) biologiki aýratynlyklarynyň, ekin dolanyşygy bilen baglylykda geçirilmeli agrotehniki çäreleri, dökünleriň görnüşlerini we häsýtlerini göz öňünde tutmak esasynda ulanmak garaşylýan hasyly öndürmegi üpjün edip bilýär. Umuman dökünleriň ählisini talabalaýyk dogry we netijeli peýdalanmagy başarmaly.Şeýlelikde ýokary hasyl almak çekilýän zähmetiň netijesine baglydyr.
Kakajanowa Kümüş
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 116-njy toparynyň talyby

RU



