Türkmenistan ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Türkmenistanyň Prezidenti SerdarBerdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, «Milli bilimulgamyny kämilleşdirmekde, ägirt uly ylmy mümkinçilikleri bolan giň dünýägaraýyşly we täzeçil tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, maksadaokgunly, ýokary hünärli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde ähli zerur tagallalar gaýgyrylmaz».
1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar günindehormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmaklygy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Bu taryhy wakanyň düýbuni tutulyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň, ýurdumyzyň Hökümetiniň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Ýurdumyzyň döwrebap bilim we ylym merkezleribolan ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýynbinýadynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirkidöwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünliklidurmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriň möhümugrudyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty(TDBGI) , häzirki zaman ylmy we taslama bilimedarasy bolup, 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredildi. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakwe binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inženerişgärleri bilen üpjün etmek TDBGI-niň esasywezipesidir. Häzirki wagtda institutda 7 fakultet, 126 kafedra hereket edýär, olardan 3 müňden gowrak talypbilim alýar. Bu ýokary okuw mekdebinde her ýyl 600-den gowrak hünärmen taýýarlanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda binaediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolaninženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy.
Ýazgeldi ABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU



