Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçilende ulag – transport serişdeleri we beýleki edara- kärhana guramalar baglanyşylan şertnama esasynda harytlary, önümleri geçirýän ýagdaýynda gümrük gulluklary tarapyndan barlanylýar. Ol gümrükhana gulluklaryň hünärmenleri tarapyndan resminamalary, deklarasiýany hususy barlag işlerini doly barlamaklyk netijesinde geçirilýär. Barlag wagtynda tehniki, mehanizm serişdeleriniň hemme görnüşleri ulanylýar. Munuň özi adam saglygyna, ösümlik we haýwanat dünýäsine zyýan ýetirjek predmetleriniň geçmezligine niýetlenýär.

Gümrük barlag işleri geçirilen wagtynda, käbir harytlar we pul serişdeleri gümrük şertlerine laýyk gelmese, gümrük gulluklary tarapyndan ýörite saklanylýan ammarlarda saklanylýar we yzyna gaýtarylýar.

Edaranyň, kärhananyň, firmanyň işlerini gümrük barada işleri geçirilende el goşlaryny açmaklyk, ulag – transport serişdelerini doly gözden geçirmeklik gümrük hünärmenlerine rugsat edilýär.

Şahsy barlag (liçnyý dosmotr) işleri barlag döwründe barlanylýan şahsyýetde adam saglygyna zyýan ýetirýän we başga bir şübheli, gümanly bir zadyň bardygyny anyklamak, barlag geçirýän hünärmeniň, ýolbaşçynyň gatnaşmagynda sanitar gullugynyň işgärleri bilen bilelikde geçirilýär.

Barlag netijeleri boýunça protokol ýazylýar we onda hemme barlag geçirilen adamlaryň möhürleri goýulýar. Gümrükhana resminamalary döwlet serhedinden geçirmeklik üçin zerurdyr. Olara gümrük deklarasiýasy, harydyň gelip çykyşy barada şahadatnama, tranzit weterinar saglyk karantin gulluklarynyň delilnamalary we ş.m. girýärler.

Ýük gümrük deklarasiýasy – bu birnäçe iş düzgünleri ýerine ýetirýär. Ýagny deklarantlar diýmeklik bu gümrük edaralaryna, daşary ykdysady işlerine gatnaşyjylar tarapyndan berilýän maglumatlar, harydyň ýa-da önümiň gelip çykyşy barada hem-de daşary söwda işleri baradaky şertnamalar we beýleki ýazmaçalar girýär.

Ýük gümrük deklarasiýasy bolmasa gümrük gulluklaryň işgärleri

harytlary serhetden geçirmeýärler. Ýene-de düzüme girýän-getirýän harydyň ýa-da önümiň kanun tarapyndan takyklygy baradaky delilnamalar bar..

Daşary ýurt döwletlerinden gelýän we girýän haryt önümlerine döwlet edara gulluklary tarapyndan berilýän resminamalary eksport-import lisenziýalary diýilýär.

Lisenziýanyň mazmuny kärhananyň atlary, satyjynyň ýa-da alyjynyň harytlarynyň manysy berilen möhletiň wagtlary görkezilýär. Harydyň gelip çykyşy baradaky häsiýetnamalar hem ulanylýar.

Gümrükhana resminamalary döwlet serhedinden geçmek üçin zerurdyr. Olara gümrük deklarasiýasy, eksport – import lisenziýalary, harydyň gelip çykyşy barada şahadatnama, gullukçylaryň delilnamalary we ş.m. girýär.

Daşary ýürt döwletlerinden gelýän we gidýän haryt önümlerine haryt gelip-çykyşy barada häsiýetnama – bu döwlet gulluk edaralary tarapyndan harydyň gelip çykyşyny tassyklaýan resminama.

Hil sertifikaty – hakykatdanam berilen harydyň, hil tarapyndan baglanyşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda berlendigini tassyklaýan dokumentdir. Bu iki taraplaýyn berlendigini tassyklaýan şertnamalar esasynda barlag institutlary, söwda palatalary berip bilýär.

MAHYMJAN Ismailowa,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby