Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyna uly üns berilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, täze innowasiýa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgama geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Watanymyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw kitaplary, wideo, audio materiallary, interaktiw-multimedia programmalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirmeklerinde örän uly ähmiýete eýedir.
Her bir ýurduň ösüşi ozaly bilen, şol ýurtda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşdiriliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.
Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde durmuşa geçirilýän sanly ulgam innowasion özgertmeleriň barşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde täze wezipeler goýulýar. Dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan dostlukly gatnaşyklar bilen Türkmenistan ösüşleriň täze belentliklerine göterilýär.
Ýagmurowa Kamila Atamyradowna.