Göwher daşlary uzak wagtlardan bäri iň gymmat we arzuw edilýän daşlardan biri bolup, giň ýaýran minerallardyr. Häzirki wagtda senagatda göwher känleri Antraktidadan başga hemme ýerlerde bellidir. Göwheriň özi seýrek duş gelýän daşlaryň hatyrynda däl emma onuň reňkli görnüşleri seýrek duşýan hadysadyr.

Gyzyl göwher – ol göwherleriň iň gymmat görnüşi şeýle-de dünýädäki iň gymmat bahaly daş hasaplanýar.Gyzyl göwher örän özboluşlywe iň az duşýan görnüşdir.  Adamzadyň bütin taryhynda şu mineralyň  diňe birnäçe görnüşleri tapylan, olaryň köpüsi  juda kiçi agramda ýagny 0,5 karatdan az. Tebigy gyzyl göwheriň reňki gemologlar tarapyndan gyrmyzy gyzyl diýilip atlandyrylýar. Reňkli göwherleriň ýeke-täk  käni Argyle  göwher käninde (Awstraliýa) ýerleşen bolup, ol ýerde ýylda daşlaryň birnäçe görnüşleri  gazylyp alynýar. 0,1 karatdan uly daşlar adatça diňe bir karat bahasy bir million dollardan geçýän auksionlarda ýüze çykýar.

Pallykow Aman,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalary we informatika institutynyň talyby.