Möjekler dünýä halklarynyň erteki we hekaýalarynda çykyş eden meşhur jandarlardyr. Öňki wagtlarda bu ýyrtyjy örän köp ýaýran haýwan bolup, häzirki günde olaryň sany örän kemeldi.

Möjekler 9 kilometr uzaklykdaky sesi arkaýyn eşidip bilýärler.
Gyzyl möjekler tilkä örän meňzeş bolýar hatda kä ýagdaýlarda adamlar hem olary biri-birinden tapawutlandyryp bilmeýärler.
Möjegiň ortaça agramy 86 kilograma ýetýär.
Olar 4-5 metr ýokaryk böküp bilýärler.Ylganlarynda tizligi sagatda 60-65 kilometre ýetýär.
Möjekler suwda ýüzmäni örän gowy özleşdiren. Olar 15 kilometr uzaklygy durman arkaýyn ýüzüp geçip bilýär.
Möjek özüne howup abanýandygyny  bilse hem birinji orunda ýakynlaryny  halas etmäge ymtylýar.
Möjekler bir gezek öz jübütini saýlaýar we  ömri ötýänçä onuň bilen bile bolýar.
Olaryň beýnisiniň ululygy itiňkä garanda 25-30 esse  uly bolýar. Möjekleri eldekileşdirip bolmaýar, hatda kapasada öý şertlerinde saklasaň hem  barybir tokaýa tarap ymtylýar.
Eger möjek aç bolsa, bir oturanda 10 kilogram eti arkaýyn iýip bilýär.  Erkinlikdäki möjek aç ýagdaýda 5 günden 7 güne çenli ýaşamaga ukyplydyr. Möjek tilkini öldürip bilýär emma iýmeýär.
Täze doglan möjek çagasynyň gözleri mawy reňkde bolýar,  birnäçe aýdan soň mele reňke öwrülýär. Çagasynyň doglan wagtyndaky agramy 500 grama deň bolup başdaky 4 aýda olar uly agram toplaýarlar.
Möjekleriň ys alyşy  hem ýokary derejede. Olar 15-20 kilometr uzaklykdaky ysy hem duýup bilýärler. Şeýle hem 200 million ysy biri-birinden tapawutlandyrmagy başarýarlar.
Möjekleriň dişleri gaplaň we ýolbarsyňky ýaly ötgür däl. Şonuň üçin oljasyny bir dişlände öldürip bilmeýär.
Möjegiň gözleri garaňkyda edil pişikleriňki ýaly ýalpyldaýar.

Açyldurdyyewa Gülşat,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.