Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek işiniň netijeleri dürli ugurlaryň işiniň ilerlemegine uly täsir etdi. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy degişli ugurda tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigini göz öňünde tutsak, onda ol bilim ulgamynyň hem ugurdaşlykda sanlylaşdyrylmagyna itergi berdi. Munuň özi «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmeklige, ilatyň aň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklyga we olary ykdysady ösüşi gazanmak üçin gönükdirmäge täze şertleri döretdi. Degişli ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ählitaraplaýyn kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça Aşgabatda we ähli welaýatlarda IT-merkezlerini döretmek üçin 10 million amerikan dollarynyň goýberilendigini belläp geçdi. Sanly ulgamy ösdürmeklik maglumat alyş-çalşygynyň hem sanlylaşdyrylmagyny talap edýär. Şu jähetden, ýurdumyzda sanly maglumat giňişligi döredildi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ilat üçin elýeterliligi üpjün edildi, döwlet edaralarynyň we ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda täze internet saýtlary açyldy, şeýle hem mahabatlandyrma has-da ösdi. Bu babatda gazanylan üstünlikler bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny doly äşgär etdi. Önümçiligiň güýji innowasion tehnologiýalara bagly bolup durýar. Diýmek, Diýarymyzda sanly reformanyň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýeti ösdürmäge hasda uly üns berilýär.  Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly aragatnaşyk tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa sanly ykdysadyýetiň gelejekde ýurdumyzda  mundan hem ýokary derejelere ýetjekdigine şaýatlyk edýär.

        Aýna ATAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ mugallymy